"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Bazar berekedine mynasyp goşant

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Döwrüň talabyndan ugur alyp, döredijilikli zähmet çekýän türkmen telekeçileri ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribäni işjeň peýdalanyp, köpugurly önümçiligi ýokarlandyrmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurda gazanýan üstünliklerine mynasyp goşant goşýarlar. «Täze Aý» hojalyk jemgyýeti indi 20 ýyl bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Şu döwrüň içinde ýeterlik tejribe toplan hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda süýji we şokolad tagamlarynyň 50-ä golaý, keks hem-de kökäniň 150-ä golaý görnüşini öndürýär. «Täze Aý» haryt nyşanly «Sarwan», «Zemin», «Süýji dünýä», «Şowhun», «Süýji durmuş» marmeladlary alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Hojalyk jemgyýeti şu ýyl täze «Türkmenistan ülkäm» atly ýörite şokolady alyjylara hödürledi. Bu ýerde şeýle süýjüleriň bir gije-gündizde 160 tonna golaýy öndürilýär.

«Jadyly çeşmeden » teşneligigiňizi gandyrsaňyz…

Biri-biriniň yzyndan ylgap barýan günleriň beýle çalt geçäýşini diýsene! Ýyla ýaňy bir başladyk diýersiňem welin, eýýäm tomus pasly duşumyzda. Her bir paslyň bolsa özüne mahsus aýratynlyklary bolýar. Şu nukdaýnazardan, howa ýagdaýlaryna görä geýinmek, iýip-içmek, dynç almak, garaz, gündelik edýän durmuş endikleriňi pasla görä sazlamak iň wajyp işleriň biridir. Bilşimiz ýaly, türkmen topragy güneşli ýurt hasaplanýar, şoňa görä ýokary derejä ýetýän gyzgyn howada adamlaryň göwünjeň azyk harytlaram serginlemek , teşneligiňi gandyrmak isleginden ugur alýar. Bu möwsümde ynsan saglygyny berkidýän gökdür miwe önümlerine, jöwzaly günlerde jana lezzet beriji buzgaýmakdyr dürli görnüşli içgilere isleg ýokary bolýar. Halkyň şu islegini kanagatlandyrmak ugrunda mele toprakdan bereket tapýan babadaýhanlarymyzyň gök önümçilik, bagbançylyk ugruna, şeýle-de ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan hususy telekeçileriň ady agzalan görnüşli önümçilige ýöriteleşenleri öz üstlerine düşýän jogapkärçiligi duýup, arman zähmet çekýärler. Biz gazetiň bu günki sanynda alkogolsyz dürli görnüşli içgileriň önümçiligi bilen meşgullanýan «Jadyly çeşme» hojalyk jemgyýeti, onuň öndürýän önümleri, önümçiliginiň ýola goýluşy, şeýle-de gazlandyrylan we gazsyz, witamin içgileriň dürli görnüşini öndürip, türkmen bazarynda azyk bolçulygyny döretmäge goşýan mynasyp goşantlary barada gürrüň ederis.

Yssy günleriň salkynlygy

Guwançmyrat ORAZOW, «Täze Aý» haryt nyşanly doňdurma we süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy.

SARPALY KÄRIŇ USSATLARY

Sahawatly topragymyzda ösüp ýetişýän gök-bakja ekinleriniň, miweleriň bolçulygynyň üpjün edilmegi edermen daýhanlarymyzyň, şol sanda oba hojalygy pudagynda iş alyp barýan işewürleriň yhlasly zähmetiniň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi goldamak boýunça ýola goýan asylly işlerini dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda hususyýetçi daýhanlar uly üstünlikleri gazanýarlar. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygydyr. 2014-nji ýylda esaslandyrylan daýhan hojalygyna degişli miweli bagçylyklar, gök-bakja ekinleri ekilen ýerler, ýyladyşhanalar, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary Ahal welaýatynyň dürli etraplarynda ýerleşýär. Biz hem «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynyň müdiri Gurbangeldi Öwezow bilen söhbetdeş bolup, oba hojalygynda täze sepgitlere ymtylýan işewürleriň maksatlary bilen ýakyndan tanyşdyk. — Köpugurly daýhan hojalygyilkibaşda haýsy pudakda işe başlady?

Françaýzing — telekeçilik üstünliginiň esasy

Bazar ykdysadyýetiniň ösmegi netijesinde ýurdumyzyň telekeçileri birnäçe görnüşli oba hojalyk we senagat önümlerini eksport etmekde hem uly üstünliklere eýe bolýarlar. Telekeçiligiň netijeli görnüşleriniň biri bolan françaýzingi ösdürmekde, daşary ýurt kompaniýalary bilen içgin arabaglanyşygy saklamakda häzirki wagtda telekeçilerimize giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Françaýzing telekeçiligi — bu iri kompaniýalaryň telekeçilik işleri bilen meşgullanýan kärhanalar bilen özara ylalaşykly hem-de ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň ulgamy. Françaýzing iri kompaniýalar (françaýzer) bilen kiçi, ownuk kärhanalaryň, telekeçileriň (françaýz) arasyndaky baglaşylan şertnama esasynda hereket edýär. Françaýzing şertnamasyna laýyklykda, françaýzer ylalaşylan çäklerde, territoriýalarda öz harytlaryny ýerlemäge, öz brendi bilen harytlary öndürmäge hem-de onuň söwda nyşanyny ulanmak bilen, hyzmatlary amala aşyrmaga françaýza ygtyýar bermäge borçlanýar.

Gurmak bagty

Bu günki gün türkmen telekeçileri ýurdumyzyň dürli künjeginde medeni-durmuş maksatly binalary gurýarlar. Olar şäherlerimiziň, oba-şäherçelerimiziň keşbini has-da gözelleşdirýärler. Şeýle döwletli işlere «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlaryny, kottejleri abatlamak we gurmak, olary bezemek, binalaryň hem-de desgalaryň durkuny täzelemek boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny amala aşyrýarlar. Hususy kärhananyň zähmetkeşleri Arkadag şäheriniň Gurluşyk toplumynyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binalaryny, 1 sany 7 gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýyny, şeýle-de paýtagtymyzyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda 5 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp bardylar. Bu toplumda 1 sany 2 gatly söwda dükanyny hem gurdular.

Zenan mährinden döreýän lybaslar

Gojaman Köpetdagyň etegindäki tanymal sahna ussadymyz Sabyr Ataýewanyň adyny göterýän gür bagly, al-elwan gülli köçäniň ugrunda ýerleşýän Arkadag şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi mydama köp adamly. Çünki bu binada milli lybaslarymyzyň dürli görnüşlerini öz içine alýan tikinçilik öýleriniň birnäçesi ýerleşýär. Ýakynda bu binada dürli milli lybaslary taýýarlap, ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan «Mähirli zenan» Modalar öýüniň hem täze önümhanasy işläp başlady. Ol ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp baranymyzda bizi hünärmen Jemal Annamyradowa garşy aldy. Täze önümhanada işler gyzyşypdy. Tikinçi zenanlaryň hersi bir işiň başyndady. Biçimçi zenan owadan gülli matanyň o ýan bu ýanyny ölçäp, kesip, biçüw işleri bilen meşgul bolsa, tikin enjamlaryna erk edýän gyz-gelinleriň onlarçasy dürli lybaslary tikip, iş başyndadylar. Taýýar edilip goýlan lybaslar milli we döwrebap biçüwi, nepisden owadan keşdeleri bilen ünsüňi çekýärdi. Önümhana müdiri buýurma bilen gelen müşderileri kabul edýärdi. «Mähirli zenan» Modalar öýüniň Arkadag şäherinde ýerleşýän täze önümhanasyndaky joşgunly zähmet meni bu hususy kärhananyň ýolbaşçysy Aýna Durdylyýewanyň ýanyna alyp bardy. ...Durmuşyň öwrümli ýollary kän. Kähalat pikir etmedik zadyň ýüze çykýar duruberýär. Bu, hünär babatda-da şeýle. Oňa hususy pudakda modalar öýüni açyp, häzirki wagtda owadan lybaslary bile

ÝAŞ TELEKEÇILER – DÖWLETIMIZIŇ BUÝSANJY

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoly bilen Watanymyzy we mähriban halkymyzy ösüşli menzillere sary bedew bady bilen alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolmaklary, kämil hünärleri ele almaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Çünki şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp, uly üstünliklere ýetýärler. 2022-nji ýylda rejelenen görnüşi kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynda ýaşlaryň telekeçilige çekilmegine, hünärlere ugrukdyrylmagyna, gaýtadan taýýarlygyna we hünär kämilleşdirilişine jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşygy babatynda beýan edilýär. Munuň özi ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitleýär.

Ösýän ykdysadyýetiň islegli önümi

Ulag-logistika düzüminiň hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýükleriň daşalyşynyň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Howa menzillerindäki, deňiz duralgalaryndaky ammarlarda ürgün ýükleri saklamak we daşamak üçin peýdalanylýan we «big beg» diýlip atlandyrylýan polipropilen haltalaryň hatarlary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olarda bugdaýdyr pagtadan başlap, palçykdyr demir magdanyna çenli dürli önümleri saklamak bolýar. Şonuň üçinem şeýle haltalar azyk we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda uly islegden peýdalanýar. Bizem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rowaçlan Galkynyş» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen duşuşyp, polipropilen haltalaryň önümçiligi bilen ýakyndan tanyşdyk. 6 ýyl bäri polipropilen haltalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan «Rowaçlan Galkynyş» hususy kärhanasy häzirki wagtda bu ugurda uly tejribe toplady. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda täze edara binasyny işe girizmek bilen, hususy kärhananyň mümkinçilikleri has-da artdy. Bu ýerde «Rowachpack» haryt nyşany bilen ýük göterijiligi 5 kilogramdan 3 tonna çenli dürli ölçegdäki we dykyzlykdaky polipropilen haltalaryň 30-a golaý görnüşi taýýarlanylýar. Hindistan Respublikasynyň «Lohia» kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanada aýda 1000 tonna gola

Mebel önümçiligi ösüşli menzillerde

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýoluň açylmagy hususyýetçileriň sanyny artdyryp, olaryň arasyndaky bäsdeşligi hem güýçlendirýär. Sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda baý tejribe toplan türkmen işewürleri bu günki gün daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde üstünlikli işleri alyp barýarlar. Ine, biziň welaýatymyzdan hem şeýle işbaşarjaň telekeçileriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Kuwandyk Işkulowyň adyny aýratyn nygtamak bolar. Ol Çärjew etrabynyň çägindäki agajy gaýtadan işleýän hususy önümçiliginde 2021-nji ýyldan bäri sargytlar esasynda dürli görnüşli mebelleri öndürmekde netijeli işläp gelýär. Bu hususy mebel önümçiliginde taýýarlanylýan oturgyçlar, dükanlar üçin tekjeler, öý we aşhana mebelleri, gapylar, geýdirme parketleri hil we bezeg aýratynlyklary bilen müşderileriň ünsüni özüne çekip, içerki bazarlarda geçginli önümleriň hatarynda meşhurdyr. Gysga wagtda gazanylan bu üstünlikleriň syry hakynda hususy önümçiligiň bezegçi-dizaýneri Rasul Allanow şeýle gürrüň berýär:

Hususy pudak: rowaç ýollar, oňyn netijeler

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 16 ýyl boldy. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň telekeçileri ösüş ýolunda diňe ynamly we üstünlikli hereket etmek bilen çäklenmän, eýsem, innowasion usullary özleşdirmek boýunça-da baý tejribe topladylar. Häzir täze tehnologiýalar önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Täze iş orunlaryny döretmekde hem hususy pudagyň paýy uludyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakda türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Işewürler senagat harytlaryny öndürmekde-de yhlaslylyk görkezýärler. Mysal üçin, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda işewürleriň uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar. Birleşmäniň agzalarynyň sany ýylsaýyn köpelýär. Häzirki wagtda onuň agzalarynyň 29 müňe golaýy halk hojalygynyň dürli pudaklarynda iş alyp barýar.

Hünärim bar — hormatym bar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär. Biz hem özümiziň telekeçilik işimizi, ýagny ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimizi ýaşlara ýetirmekde döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarys. Halyçylygy, keşdeçiligi we tikinçiligi ýaş gyzlara öwredýäris. Munuň üçin orta mekdeplerde bolup, mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-ündew çärelerini geçirýäris. Şeýle çäreleriň birini golaýda «Hünärim bar — hormatym bar» ady bilen Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda geçirdik. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň ýanyndaky Keşdeçilik sungatynyň guramagynda geçirilen wagyz-ündew çäresinde edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ajaýyp el hünäri bolan alaja sungaty, tikinçiligiň, biçimçiligiň, keşdeçiligiň ýaşlara öwredilişi, ýaş gyzlaryň hem ene-mamalarymyzdan gelýän el hünäriniň inçe tilsimlerini ele almakda ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Gadymy nusgalara täze öwüşgin çaýmak, köýnekleriň ýeň-ýakalaryny keşdelemek, olary her bir gyzyň özüniň biçip hem tikip geýmelidigi, munuň gyz maşgala üçin zerurlyk hasaplanylýandygy hakynda durmuş mysallaryna salgylanyp, gyzlara öwüt-ündew

Telekeçiligiň ösüşi — bazar ykdysadyýetimiziň özeni

Ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ykdysadyýetde hususy bölegiň ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Döwlet tarapyndan ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryna giň goldaw berilýär. Şeýle goldawdan ruhlanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary eziz Diýarymyzyň dürli pudaklaryna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Milli ykdysadyýetiň hususy bölegini höweslendirmek we yzygiderli goldamak meselesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem maksatnamalaýyn esasda, türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol esasda döwlet Baştutanymyz tarapyndan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» tassyklanmagy, Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda möhüm ädim boldy. Şeýle Maksatnamanyň netijesinde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Şol esasda ýurdumyzda amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, dürli pudaklarda

Döwrebap tehnologiýalara — giň ýol

Paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň binasynyň sergiler zaly iri halkara sergileriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Düýn hem bu ýerde azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisi öz işine başlady. Halkara serginiň açylyş dabarasy ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenilip, el çarpyşmalar bilen garşylandy. Döwlet Baştutanymyz azyk senagaty pudagyny ösdürmek, şeýle hem ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şol esasda, şu gezekki gözden geçiriliş ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň görkezijisi boldy.

Bereketli saçaklaryň bezegi

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi. Biri-birine utgaşyp gidýän ugurdaş zolaklary dolduryp duran düzüm-düzüm pomidor düýpleriniň hersiniň 5-6 kilogram töweregi ýüki bar. Şu günler ýygymçy ýaşlaryň uly topary ýetişen hasyly yrýasyz ýygyp alýarlar. Plastik gaplara salnyp, taýýar önümleri kadaly şertlerde saklamaga niýetlenilen ýörite ammarda ýerleşdirilýän pomidorlar ýurdumyzyň dürli söwda nokatlaryna ugradylýar. Ýyladyşhananyň önümçilik kuwwaty, ýetişdirilýän hasylyň ýokary hili hem-de beýleki oňaýly ýagdaýlar täze şertnamalaryň baglaşylmagyna şert döredýär. Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, önümçilikde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän täzeçe usullaryň ulanylmagy ýyladyşhanada her ýylda ekologik taýdan arassa pomidoryň 2 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde azyklyk gök önümiň welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan «Bonditto» görnüşi ekilýär. Olar uzak wagtlap terligini saklaýar, bu önümler alys aralyga daşalanda hem zaýalanmaýar. Munuň özi toplumyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

«7 gün» haryt nyşanly içgiler

«7 gün» haryt nyşanly miwe şirelerinden, megerem, ildeşlerimiziň datmadygy ýok bolsa gerek. Tebigy miweleriň konsentrirlenen şirelerinden taýýarlanylýan şerbetler häzirki wagtda uly-kiçiniň söýgüli içgileriniň birine öwrüldi. Bu meşhur haryt nyşany «Ak ýaprak» hojalyk jemgyýetine degişli bolup, kärhana 2010-njy ýylda esaslandyryldy. Hojalyk jemgyýetiniň tebigy şireleri öndürýän zawody bolsa 2014-nji ýylda açylyp ulanylyşa girizildi.

«Geran» bilen has rahat

Dünýämiz gözel, şonuň bilen birlikde durmuşam gözel. Ynsan durmuşy bolsa adaty iş günleri we dynç alyş günlerinden ybarat. Çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap adamlary bolsa özleriniň köp wagtyny işde geçirýärler. Diýmek, iş – adam ömrüniň aýrylmaz bir bölegi. Ine, onsoň ömrümiziň köp bölegini geçirýän ýerimizde – işde hem-ä talabalaýyk, hemem rahat we gözel geýinmek her birimiziň islegimiz. Geliň, gazetimiziň şu sanynda iş eşikleriniň dürli görnüşlerini tikip, türkmen bazaryny ýörite egin-eşikler bilen üpjün edýän «Geran» tikinçilik kärhanasy barada söhbet edeliň! 2013-nji ýylda telekeçi Gurbanow Güýçmyrat tarapyndan Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde esaslandyrylan «Geran» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri köplere tanyş bolsa gerek. «Geranyň» ýöriteleşen egin-eşikleri gözegelüwli biçüwi hem-de rahatlygy, möwsüme görä oňaýly materiallardan taýýarlanylandygy bilen eýýäm halk arasynda uly islegli geýimlere öwrüldi. Ýörite buýurmalar esasynda taýýarlap bermek esasynda halka hyzmat edip gelýän «Geranyň» öndürýän iş eşikleriniň, erkek adamlara we çagalara niýetlenen lybaslarynyň ýokary hili we amatly bahasy ýurdumyzda ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikleriň netijesidir. Bazar gatnaşyklarynyň barha pajarlaýan döwründe bäsdeşlik esasynda döredilýän ýokary derejedäki hyzmatlar, ösen dünýäniň talapl

Milli plastik önümleriň görnüşleri artýar

Plastik önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen «Lälezar zaman» hususy kärhanasynyň önümçilik toplumy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşip, indi 12 ýyl bäri halkymyza hyzmat edýär. Bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, işçi-hünärmenleriň 100-den gowragy sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda yhlas hem-de tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler. Importyň ornuny tutýan «Lz plastik» haryt nyşanly önümleri bilen adygan hususy kärhana asma petikleriň 600-den gowrak görnüşini, asma petikler üçin plintuslaryň 5 görnüşini we olaryň ugurdaş serişdelerini, 2 we 3 zolakly karnizleri, plastik kabel kanallarynyň 7 görnüşini, oboý we kafel burçlarynyň 6 görnüşini we beýleki plastik harytlaryny taýýarlaýar. Şeýle hem kärhana azyk önümlerini gaplamaga niýetlenen dürli ölçegli, dürli reňkli plastik önümleriň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär. Şolaryň hatarynda azyk önümlerini saklamak üçin gaplar, bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlaryň birnäçe görnüşi, bulgurlar, gapaklar we beýlekiler bar.

Telekeçilige — giň ýol!

Ýokary öndürijilik ýeňşe ýetirýär Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öz döwletimizde öndürmek wezipesi öňde goýuldy. Şonuň üçinem içki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmek, şeýle hem döwletimiziň eksport mümkinçiligini artdyrmakda öňde goýlan wezipeleri çözmeklige işjeň telekeçilerimiz öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynyň telekeçilerem şu asylly maksada işjeň goşulyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylda täzeçe gözlegler bilen döredijilikli zähmet çekip, önümçiligi köpugurly esasda ösdürýärler.

Öýleriň ýaraşygy, binalaryň bezegi

Gürrüň ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinjileriň biri bolup mebel önümçiligini ýola goýan «Aýbölek» mebel kärhanasy hakda barýar. Bu hususy kärhana indi köp ýyllardan bäri döwletli öýlerimizi, bilim ojaklaryny, edara binalaryny ajaýyp mebel önümleri bilen bezäp gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen türkmen telekeçileriniň önümleriniň we hyzmatlarynyň sergisinde «Aýbölegiň» dürli mebeller bilen bezelen diwarlygy hem köpleriň ünsüni özüne çekdi. Şol sergide bu hususy kärhananyň saglyk maksatly binalar, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin täze öndürip başlan mebelleriniň täze görnüşleri görkezildi. Tejribeli telekeçi Meretmuhammet Täçmuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky «Aýbölek» mebel kärhanasynyň önümçiligini edara binalary, bilim ojaklary, ýaşaýyş jaýlary, iş otaglary üçin niýetlenen döwrebap mebeller düzýär. Telekeçiler, esasan-da, bilim ojaklaryny häzirki zaman mebelleri bilen yzygiderli üpjün edip gelýärler. Ýeri gelende, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda «Aýbölek» mebel kärhanasy tarapyndan öndürilen döwrebap mebelleriň bäş müňden gowragy bilen üpjün edilendigini bellemeli. Kärhananyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän mebel toplu