Bilim — belentliklere badalga
Täze ýyl barha golaýlaşdygyça, şu ýylda amala aşyrylan işlere nazar aýlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, hakykatdan-da, şanly wakalara, guwandyryjy üstünliklere beslenendigine ýene bir gezek aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu ýylda bilim ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň mazmuny baýlaşdyrylýar. Okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Täze açylýan mekdeplerde okuwçylaryň netijeli okamagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi üçin oňaýly şertler bar. Golaýda welaýatymyzda ulanmaga berlen 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepde we 240 orunlyk çagalar bagynda hem ýaşajyk raýatlar üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.