Garagum sährasyndaky sazak ösümligi

19 Iýun 2023
712

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Sazak ösümligi biziň Türkmenistan döwletimiziň Garagum sährasynda ösüp ýetişýän köpýyllyk ösümlikdir. Ösümligiň häsiýetli aýratynlygy öz-özüňden tebigi taýdan köpelmek bilen bir sazagyň doly ösüp ýetişmekligi üçin ortaça 15-20 ýyl töweregi wagt gerek bolýar. Garagum sähramyzda bitýän sazak ösümligi barada halkymyz tarapyndan peýdaly maglumatlar bar. Howanyň çyglylygyny saklamakda, arassalygyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem dermanlyk häsiýetli aýratynlyklary-da bardyr. Diňe bir mallara ot-çöp bolmak bilen çäklenmän, adam saglygy üçin hem örän peýdaly ösümlikdir. Ol göz kesellerinde irki zamandan bäri bejermekde halkymyzyň arasynda giňden peýdalanylypdyr. Sazagyň ajy tüssesi gözüň sowuklama ýagdaýyny hem ajy tüssäniň göze siňmegi bilen gözden monjuk-monjuk ýaş akmagy gözi arassalaýar diýlen peýdaly sözler halkymyzyň arasynda saklanyp galypdyr. Bulardan başga-da, Garagum sähramyzdaky obalarda ýaşaýan adamlar, esasan-da, türkmen göreşi bilen meşgullanýan pälwanlaryň aýtmagyna görä, sazaklyk ýerde türgenleşmek işi geçirilende, adam saglygy üçin örän peýdalylygyny nygtap aýdýarlar. Sazak ösümliginiň hoşboý ysy jana şypa berýär. Ruhy hem-de beden taýdan taplanmagyň üçin örän haýyrlydyr.

Guwançmuhammet ORAZOW,
Gökdepe etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň mugallymy.