Täsin ak durna

21 Iýun 2023
559

Biziň ýurdumyzyň örän özboluşly, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Ekologiýanyň häzirkizaman wajyp meseleleriniň biri biologik köpdürlüligi gorap saklamakdyr, çünki biosferanyň bir bölegi hökmünde adamzadyň özüniň ýaşaýşy hem daşky gurşawyň sazlaşykly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr.

Guşlar daşky sypaty, ýaşaýyş aýratynlyklary bilen gadymy döwürlerden bäri adamlaryň üns merkezinde bolupdyr. Guşlar ýaly, özüne çekiji, täsin galdyryjy, ruhuňy göteriji başga bir haýwan toparyny göz öňüne getirmek kyn. Görnüşleriniň dürlüligi we sany boýunça gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň hiç biri hem olar bilen bäsleşip bilmeýärler.