Utgaşykly hem-de maksadalaýyk işler

21 Iýun 2023
761

Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de ylmy taýdan öwrenmek işlerine Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleriniň işjeň gatnaşýandyklaryna olaryň alyp barýan gündelik işleri bilen tanşanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Goraghananyň çäginde mele suwly derýa-da, gür tokaýly jeňňellikler-de, guba çägeli Garagum-da, Gyzylgum-da ýerleşýär. Bu çägiň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baý we dürli-dürlüdir.

― Gymmatly baýlyklarymyzy gözümiziň göreji deýin gorap saklamak bilen birlikde ylmy maksatly işleri hem alyp barýarys. Ol işler «Tebigat ýyl ýazgysyna» maglumatlary toplamak, Amyderýanyň orta akymynyň kenarýaka tokaýlaryna daşky faktorlaryň täsirini öwrenmek, kenarýaka tokaýlyklaryň tutýan meýdanlaryny, olaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň häzirki ýagdaýyny seljermek, daşky we antropogen faktorlaryň derejeleri boýunça maglumatlary toplamak we beýleki möhüm meseleleri öz içine alýar. Ýokarda bellenilen ugurlar boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe işleriň uly toplumy ýerine ýetirildi ― diýip, goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow gürrüň berýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.