Tebigat. Gül. Zenan

24 Iýun 2023
1365

Zenan bilen tebigatyň arasynda juda kän meňzeşlik bar. Tebigat döredýär, zenan hem döredýär. Zemini tebigat, durmuşy zenan gülledýär. Zenan ene, ene bolsa Zemine deňelýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň akymy bilen demini alýan mukaddes toprak hem enedir» diýen pelsepesi tebigat, zenan hakdaky düşünjeleri, meňzetmeleri bir sözlemde jemleýär.

Ata-babalarymyzyň döreden «Gyz edebi — gül edebi», «Gyz — öýüň gunçasy», «Zenan — durmuşyň güli», «Gyz eli — gyzyl gül» ýaly pähimlerinde, ene-mamalarymyzyň: «Gyzdan gülüň ysy geler», «Gyzyň eli degen ýer gül ýalydyr», «Edepli gyz baran ýerini gülzarlyga öwrer» diýen ýaly öwüt beriji sözlerinde bolsa zenan tebigatyň iň ajaýyp, iň owadan, iň näzik närsesine — güle meňzedilýär. Hatda «Gülkeşde», «Gültahýa», «Gülli jorap», «Gülli keçe», «Gülli haly» ýaly zenanlarymyzyň çeper ellerinden dörän el işlerem gülleriň gözelliginden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men ýene-de güller hakdaky gürrüňe dolanyp gelýärin we siziň hem olary gowy görýändigiňize ynanýaryn. Ýogsa-da, öýleri güller bilen bezemek däbiniň köpasyrlyk taryhy bar. Eýsem-de bolsa, öýleri gül bilen bezemek däbi asyrlaryň çuňlugyna aralaşýar» diýen sözleriniň aňyrsynda zenanlaryň bütin dünýäsiniň, duýgusynyň gül bilen badaşandygy hakdaky beýik pelsepe bar.

Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».