Guşlaryň mesgeni

21 Iýun 2023
710

Guşlaryň mesgeni bolan Kelif çäkli goraghanasy özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Çäkli goraghananyň haýwanat dünýäsi köpdürlüdir. Bu ýerde süýdemdirijileriň 31, guşlaryň bolsa 220-den gowrak görnüşi duş gelýär.

Guşlaryň sanynyň has köp bolmagy bu çäkli goraghananyň göçüş döwründe uçup gelýän guşlaryň ýolunda ýerleşmegi bilen baglydyr. Çäkli goraghana suwda ýüzýän we batgaly-suwly ýerde ösüp-örňeýän guşlaryň müňlerçesi üçin göçüş döwründe düşläp geçýän, gyşlaýan, höwürtgeleýän ýer bolup hyzmat edýär. Guşlaryň 74 görnüşi çäkli goraghananyň çägindäki Kelif kölünde düşläp, dynç alyp, iýmitlenip geçýär. Olardan gyzylgaz, sähra garaguşy, togdary, toklutaý Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Çäkli goraghananyň çäginde guşlaryň 97 görnüşi gyşlaýar, 46 görnüşi höwürtgeleýär. Bulardan başga-da bilbilleriň 3 görnüşi, sülgünler we ýyrtyjy guşlaryň 28 görnüşi duş gelýär.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.