Sähra pyşdylynyň ýaşyny nädip kesgitlemeli?

20 Iýun 2023
693

Tebigatda ýaşaýan haýwanlaryň daşky keşbinden olaryň ýaşynyň näçedigini bilmek hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hereketi haýal bolan üýtgeşik jandarlaryň biri hasaplanylýan sähra pyşdylynyň ýaşyny kesgitlemegiň hem dürli usullary bar. Sähra pyşdylynyň daşky keşbine görä ýaşyny anyklamagyň bir usuly onuň gapaklaryndaky örtülen gaty gabyklaryny sanamak arkaly geçirilýär. Täze ýumurtgadan çykan pyşdyl çagalarynyň bedenindäki gapagy ýuka bolup, ol wagtyň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan gataýar. Sähra pyşdylynyň arkasyndaky gapagy «karapaks», garnyndaky gapagy «plastron» diýlip atlandyrylýar. Plastron mese-mälim görnüp duran 16 bölege, karapaks bolsa 13 bölege bölünýär.

Karapaksyň böleklerinde agaçlaryň kese-kesigindäki ýyllyk halkalary ýada salýan konsentriki halkalary bar. Edil agajyň ýaşynyň kesgitlenilişi ýaly şol halkalaryň sanyna görä sähra pyşdylynyň hem ýaşy kesgitlenilýär. Sähra pyşdyly dünýä inenden soň ilkinji 2 ýylynda has çalt ösýär. Karapaksyň böleklerindäki birinji halka pyşdyl çagasy ýumurtgadan çykandan soň 3 – 6 aýlygynda emele gelýär. Soňra her ýylyň dowamynda 1 ýa-da 2 halka peýda bolup ugraýar. Pyşdylyň ýaşy ulaldygysaýyn onuň ýaşyny kesgitlemek şonça-da kynlaşýar. Sebäbi karapaksyň böleklerindäki halkalaryň sany köpelip, gapak tekizleşip ugraýar we ol halkalary sanamak gaty kyn bolýar. Takyk maglumat almak üçin karapaksdaky 3 ýa-da 5 sany bölekdäki halkalary sanap, olary goşup, jemini sanalan bölekleriň sanyna bölmeli. Ortaça çykan sany sähra pyşdylynyň ýaşy diýip kabul etmeli.

Aziza FURKATŽANOWA,
«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň uly ylmy işgäri.