Ýaşaýşyň ýaraşygy

24 Iýun 2023
674

Halkymyz hemişe topragy, tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsini, suwy gorap saklamak barada alada edip gelýär. Eýsem, geçmişde bu babatda nähili çäreler görlüpdir?! Ilkinji nobatda, topragy hapalamak, zaýalamak gadagan edilipdir, gögerip oturan agaçlary kesmek, ýakmak, akar suwa hapa dökmek günä hasaplanypdyr. Pederlerimiz tebigaty haşal otlardan, hapalardan arassalap durupdyrlar. Ýygnalan haşal otlary we hapalary ýakyp, ýok edipdirler. Gadymy galalarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýaşaýyş jaýlary, ammarlar, gorag diňleri, aşhana otaglary bilen bir hatarda hapa atylýan ýörite ýerleriň hem ýüze çykarylandygy pederlerimiziň arassaçylyga aýratyn üns berendiklerini görkezýär. Şeýle ýerleriň goranyş häsiýetli kiçi galalarda, berkitmelerde hem bolandygyny alym arheologlar subut etdiler.

Ata-babalarymyz ýer-ýurt tutjak bolanlarynda hem, ilki bilen, daşky gurşawy gowy öwrenipdirler. Jaý gurmak üçin çig maly, ýagny laýy hem duş gelen ýerden alman, beýik depeleriň üstünden alypdyrlar. Hapa atylýan ýerler we kir suwlarynyň dökülýän ýerleri ýaşaýyş jaýlaryndan ep-esli daşda bolupdyr. Malyň damagy çalnan ýerde ilki ot ýakylyp, soňra ol ýer gömlüpdir. Ekerançylyk ýerleri, şeýle-de arassa içimlik suw üçin ýörite aryklary gazypdyrlar, haşar, ýowar geçirilipdir. Ekin ekiljek ýerleriň topragy öwrenilip, ol dürli dökünler bilen gurplandyrylypdyr. Şunda, esasan, ders ulanylypdyr.

Gurban TAIROW,
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory.