Geçiguş – bagty buşlaýan guş

20 Iýun 2023
627

Gadymy Garagum sährasynyň goýny ösümlik dünýäsine baý bolşy ýaly, haýwanat we guşlar dünýäsine hem örän baý. Ylaýta-da, bu ýerde serçeler maşgalasyndan bolan geçiguşa örän köp duş gelmek bolýar. Geçiguşlar köplenç çopan goşlarynyň golaýynda, adamlaryň mesgen tutunan ýerleriniň töwereginde, ösümlikleriň, ýabany agaçlaryň, şol sanda gyrymsy agaçlaryň şahalarynda ýaşaýarlar. Guşlary öwreniji alymlaryň bellemeklerine görä, bu guşlar dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr. Tokaýçylar geçiguşlary tokaýlaryň hakyky sanitarlary — «şepagat berijileri» hasaplaýarlar. Çünki bu guşlar agaçlara zyýan beriji mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.

Geçiguşlaryň görnüşleri köpdürli bolup, olaryň Garagum sährasynda ýaşaýan görnüşleriniň köpüsiniň ganatynyň hem-de garnynyň aşagyndaky perleri agymtyl ýa-da sarymtyl, ganatlarynyň üsti bolsa köplenç çäge reňkli melemtil, kä halatlarda bolsa, gögümtil mele öwüsýär.

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».