Gözellik nusgasy — çynar

15 Iýun 2023
595

Dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň nyşanyna öwrülen agaçlar bolýar. Mysal üçin, Gresiýada bu hormat zeýtun, Ýaponiýada sakura, Kanadada kerkaw, Awstraliýada altyn akasiýa, Russiýada we Finlýandiýada gaýyň agajyna... degişlidir. Çynar agajyny weli, gündogar halklarynyň köpüsine degişli edip bolar. Sebäbi bu agajyň ady gözelligiň, syrdamlygyň, berkligiň... nyşany hökmünde gündogar halklarynyň ählisiniň diýen ýaly halk döredijiliginde duş gelýär. Bu agajyň ady «belent», «uzyn» ýaly manylary berýän türki sözden gelip çykypdyr. Biziň halkymyzda-da uzyn boýly, owadan, sagdyn... bolup ýetişmegini arzuwlap, gyz çaga Çynar ady dakylýar.

Çynaryň saglyga peýdasy adamzada gaty ir döwürlerde belli bolupdyr. Gadymy Rimde çynaryň miwelerinden gaýnadylan dermanlyk içgini ýaralanan, endamyny sowuk aldyran esgerlere beripdirler. Onuň kökünden taýýarlanan içgini ýylan çakanda içiripdirler. Gadymy Rim lukmany Kwint Seren Samonik çynaryň ýapraklaryny gasynlaryň garşysyna peýdalanmagy maslahat beripdir. Rimli zenanlar çynar ýapragy gaýnadylan suwa ýuwnup, onuň gaýnan löderesinden ýüzlerine ýapgy edipdirler. Gerodotyň «Taryhynda» bolsa pars patyşasy Kserksiň çynaryň gözelligine haýran galyp, ony altyn şaýlar bilen bezäp, gorag astyna alandygy barada aýdylýar. Gündogarda keramatly hasaplanansoň, çynaryň suratyny metjitlerdäki mozaikalarda hem görmek bolýar.

Röwşen BAÝRAMSEÝIDOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň hünärmeni.