Gojaman Garagumuň goýnunda

20 Iýun 2023
623

Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem tomus dynç alyş möwsüminde gojaman Garagumuň goýnuna gezelenç etmegi ýüregime düwdüm. Ajaýyp sähranyň gözel künjekleri, altyna çalym edýän saralyp ýatan düzlükleri, ösümlikleriň gül açyp, gözelligine gözellik goşýan Garagumuň özboluşly ajaýyp görnüşi özüne bendi edýärdi.

Ata-babalarymyzyň «Är dogan ýerini küýsär...» diýşi ýaly, ýaşlyk ýyllarymyň geçen gyzykly, ýatdan çykmajak günleri Garagum sährasynyň goýnunda geçenligindenmi ýa-da arassa howanyň adam bedenine edýän täsiriniň ýokarylygyndanmy, garaz, bu sähralykda gezelenç etmek maňa lezzet berýärdi.

Nepes SAPARNAZAROW,
«Türkmenenergo» korporasiýasynyň «Daşoguzenergoönümçilik» birleşiginiň hünärmeni.