Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

... Aýamagyn Taňry salamyn

Birnäçe ýyl mundan ozal dokuzynjy onluga gadam basan daýym saglygyna seretdirmek üçin obadan şähere körpe gyzynyňka geldi. Obaly adamyň içini gysdyrmazlyk üçin her gün onuň ýanyna barýardym, gürrüňdeş bolup oturýardym. Näme üçindir, ilkinji günlerde ýaşuly tukat görünýärdi. Bir gün baranymda bolsa, onuň keýpi kök eken. Sebäbini sorasam, ol: «Gelelim bäri öňümden çykýan käbir adamlar salamsyz deňimden geçip gidiberýärdiler. Bu hereketi ýazgaranymda, şäherliniň biri maňa: «Her sataşan nätanyş bilen salamlaşyp durulmaýar. Diňe tanaýan adamlaryň, gatnaşyk saklaýanlaryň bilen salamlaşsaň hem ýeterlikdir» diýdi. Muňa näme diýersiň?! Heý, Taňry bendeleri ýüzbe-ýüz bolubam, salamsyz geçmek bolarmy? «Salam — Tanrynyň haky» diýlip, ýöne ýerden aýdylmandyr ahyryn. Salam bermek birek-birege hormat goýmak ahyryn. Şu gün bolsa bir görmegeý ýaş ýigit güler ýüz, edep-ekram bilen salam berdi. Birneme durup, hal-ahwal soraşdyk. Salamdan soňky mähirli soralyşyk, tanyşlyk, onuň güler ýüzi, süýji sözi keselimi ýeňleden ýaly boldy» diýdi. Ine, güler ýüz bilen salamlaşmagyň, elleşmegiň, hal-ahwal soraşmagyň güýji.

Pyragydan ruhlanan ussat

Dogduk Diýaryny jany-teni bilen söýüp, durmuş hem-de zähmet ýoluny il-günüň bähbidine haýyrly işlere bagyşlan kişiler mydama ýagşylykda ýatlanylýar, hatyralanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde olaryň atlary ebedileşdirilýär, ömür we zähmet ýoly öwrenilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi, türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekili Aýhan Hajyýew hem şeýle ilhalar adamlaryň biridi. Golaýda geçirilen Hökümet mejlisinde üstümizdäki ýylda meşhur suratkeşiň doglan gününe 100 ýyl dolýandygy, şu mynasybetli ýurdumyzda medeni çäreleriň uly toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Bu hoş habar türkmenistanlylaryň her birinde bolşy ýaly, ildeşimiz — welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýewde hem çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi. Biz onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Myrat aga, bilşimize görä, size-de ussat suratkeş Aýhan Hajyýew bilen didarlaşmak, ondan tälim almak miýesser edipdir. Söhbetdeşligimizi şu baradaky gürrüňlerden başlasak, hemmelere gyzykly bolardy.

Zehinlileriň mesgeninde

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri, olaryň öňünde durýan wezipeler beýan edilýär. Welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, okuwçylary sungata höweslendirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş nesliň kämil adamlar bolup ýetişmeginde çagalar sungat mekdepleriniň hyzmaty uludyr. alaç etrabyndaky çagalar sungat mekdebi diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem ýurdumyzda-da iň göreldeli medeni ojaklaryň biri hasaplanylýar. Çünki bu ýerde çagalar wagtlaryny gyzykly geçirýärler, sungat älemine ynamly gadam urýarlar. Etrabyň orta mekdeplerinde okaýan, sungatdan gowy baş çykarýan zehinli okuwçylar bäsleşiklerde görkezen netijeleri we saýlap alan ugurlary boýunça ukyplary göz öňünde tutulyp, synaglar esasynda çagalar sungat mekdebine okuwa kabul edilýärler.

Taryhy taryply telpek

Telpekler halkymyzyň milli egin-eşik medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Alymlar bagana telpegiň Orhan-Ýeniseý daş ýazgylarynda şekillendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar. Telpekler tikilişi, daşky görnüşi, reňki boýunça dürli-dürli bolup, biri-birinden tapawutlanýar. Telpek tikmek üçin gowy eýlenen bagana ýa-da deri gerek bolupdyr.

Maşgala terbiýesi – mukaddeslik mekdebi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan maşgala ojagynyň berkligi, agzybir maşgalalarda terbiýelenýän ýaş nesliň edepli-terbiýeli, bilimli-hünärli, watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. Şol tagallalar ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär. Şonuň üçin hem olar milli medeniýetimize, ene dilimize sarpa goýýarlar. Ýokary medeniýetlilik her bir adamyň hereketinde, gündelik işinde, maşgala durmuşynda aýdyň görünmelidir. Ýaşlaryň özüni medeniýetli alyp barmagy, okuwlaryna oňat ýetişmegi, medeniýetli sözlemegi milli terbiýäniň özenidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Maşgalam - baş galam” diýen pähimi miras galdyran ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri döwrebap many-mazmuna beslenip, mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala terbiýesi islendik çaga üçin täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Döwletimiz tarapyndan maşgalanyň binýadynyň berk bolmagy, onuň agzalarynyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Gadymy zamanlardan bäri maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddeslik saýylyp, ol milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklary

Döwürleriň şahyryna sarpa

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Beýik türkmen şahyryny hatyralap, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýany boldy. Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişli bolup durýar. Bu ýylyň ady bilen baglanyşykly neşir önümleriniň hem ençemesi taýýarlanylýar. Ýakynda, 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini, birnäçe dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belläp, göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi

Türkmeniň öçmez çyragy

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimizde şirin dilli söz ussadymyzyň hormat-sarpasynyň has-da belende galýandygyna her bir ädimde şaýat bolmak kalbymyzy egsilmez joşguna besleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi has-da buýsandyrýar hem-de dünýäde dana şahyrymyzyň döredijiligine, edebi mirasyna bolan gyzyklanmany ýokarlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz: «Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr. Beýik şahyryň şygyrlar diwanynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi olaryň türkmen medeniýeti, ruhy-ahlak, edep-terbiýe ýörelgeleri bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär» diýip belleýär. Elbetde, geçen taryhy döwrüň içinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň, çuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edilmeginiň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri G

Änew — türki dünýäniň üns merkezinde

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda hem-de wagyz etmekde aýratyn orna eýedir. Şonuň üçin-de TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul eden çözgüdi halkymyz üçin şatlykly waka boldy. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eramyzdan öňki IV—III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini öwrenmekde-de derwaýys taryhy merkezleriň biridir. Türkmenistanyň bu babatdaky teklibiniň goldanylmagy taryhy we kökleri umumy bolan goňşy we doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşdygynyň hem ykrarnamasydyr. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen topragy geçmişde gadymy şäherleri guran gerçek pederlerimizden bize miras galan taryhy ýadygärliklere hem baýdyr.

Halkyň kalbynyň owazy

Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy, oňa ruhy lezzet berýän güýçdür. Mukam ýaňlananda, köňülde ýakymly joşgun, ruhubelentlik duýgusy döreýär. Ol ynsany uly üstünliklere, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Aýdym-saz döredijiligiň ajaýyp görnüşleriniň biridir. Aýdym-saz adamzat durmuşynda mäkäm orun almak bilen, ynsan durmuşyny beýan edýän gadymy sungatdyr. Bu sungatda ynsanlaryň durmuş-ýaşaýyş ýörelgeleri giňden beýanyny tapýar. Aýdym-saz sungatynyň baş wezipesi parahatçylygy ündemek, adamlary ynsaplylyga, adalatlylyga, agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige, dost-doganlyga çagyrmakdan ybaratdyr. Gadymy sungat  dörän wagtyndan bäri uly terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. Saz gurallarynyň köpdürlüligi, ýerine ýetirijilik tärleri, bu sungatyň ynsanlaryň durmuşyna ýetirýän güýçli täsiri barada taryhy çeşmelerde-de köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Göwni ýaz deý şahandaz halkymyz, paýhasly ata-babalarymyz aýdym-saz sungatynyň mizemejek ýollaryny kemala getiripdirler. Türkmen aýdym-saz sungatyny beýgelden ussat bagşydyr sazandalarymyz hakydalarda hem kalplarda müdimilik ýaşajak eserleri döredipdirler. Olar biziň günlerimize sünnälenip gelip ýetipdir. Halypalaryň döreden ýoly ýaş zehinler üçin uly mekdepdir.

Akyldaryň keşbi sungat eserlerinde

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde beýik söz ussadynyň çeper keşbini nakgaşlyk hem-de heýkel eserlerinde janlandyran halypa we ýaş suratkeşleriň, talyplaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda halypa suratkeşler Magtymguly Pyragynyň keşbini şekillendirmek ýaly jogapkärli işdäki tejribeleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýaş döredijiler hem bu hysyrdyly işiň aýratynlyklary dogrusynda pikirlerini paýlaşmak bilen, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

Otuz ýylda dörän simfoniýa

Weli Muhadow türkmen professional saz sungatynda simfonizmiň binýadyny goýan beýik kompozitordyr. Ol 1916-njy ýylda Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr obasynda dogulýar. Ýaşlykdan aýdym-saz sungatyna imrigen ussat kompozitor heniz talyp döwründe döreden «Türkmen sýuitasy» hem-de «Meniň Watanym» simfoniki poemasy üçin iki gezek Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Ol 1954-nji ýylda Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň başlyklygyna saýlanýar. 1961-nji ýylda bolsa oňa Türkmen döwlet filarmoniýasynyň direktory we çeper ýolbaşçysy wezipeleri ynanylýar. 1972-nji ýylda Weli Muhadow aýdymlar ýygyndysy üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi bolýar. Dutary fortepianodan kem görmedik ussat tamdyranyň iki kirşiniň näzik owazyny fortepianonyň köp öwüşginli owazyna garyp, türkmen simfoniýasyny döretdi.

Pyragydan ylham alan

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda beýik akyldar şahyryň ilkinji portret keşbini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär. Şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini we türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda «Pyragydan ruhlanan ussat» atly forumy guramak göz öňünde tutulýar. Meşhur suratkeş Aýhan Hajyýew Köpetdagyň etegindäki Bagyr obasynda dogulýar. Ol 11 ýaşyndaka kakasy Annamuhammet aga aradan çykýar. Aýhan ýaşlygyndan öz dogduk obasynyň baglaryny, Köpetdagdan inýän gözel çeşmelerini höwes bilen suratlandyrypdyr. Onuň tebigy zehinine ejesi Ogulbossan daýza we daýysy aýratyn üns beripdirler.

Kitaphanaçylyk işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana ulgamynyň işi döwrebap ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşylýar. Uly üstünlikler bilen tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri hem daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Geçen ýylyň 11 — 14-nji sentýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy geçirildi. Şol forumyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň A.Osmanow adyndaky Milli kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň adyndan Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly kitaby sowgat edildi. Şeýle hem 18 — 23-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp Baku şäherinde «Milli kitaphanalar — halklaryň ruhy baýlygynyň goragçylary» atly ylmy-amaly maslahat, Ýewraziýanyň Kitaphanalar Assambleýasynyň umumy ýygnagy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Milli kitaphanalarynyň direktorlarynyň 6-njy maslahaty, 50-den gowrak döwletiň gatnaşmagynda ylmy konferensiýa geçirildi. Üç günläp dowam eden konferensiýada esasan sanl

Joşguna beslendi

Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we beýleki ildeşlerimiziň gatnaşmagynda geçen maslahat «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy» diýlip atlandyryldy. Medeni ojagyň toý äheňindäki eýwanynda guralan kitap sergisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň görkezilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Watanperwerlige ýugrulan eserler

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni we şol döwrüň taryhy wakalaryny çeper beýan edýän kyrka golaý eser görkezilýär. Olaryň arasynda Magtymgulynyň şygyrlaryna bagyşlanan eserler bilen birlikde beýleki nusgawy söz ussatlarynyň portretleri hem bar.

Näzik kirişleriň bolan bolsadym...

Şol gün teleýaýlymda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry gidip durdy. Men türkmen dutarynyň hoş owazyna maýyl bolup, hem bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny diňleýärdim, hemem ruhum galkynyp, öý işleri bilen meşguldym. Bäsleşigi alypbaryjy: «Türkmen halk sazy «Hajygolak». Çalýar Murgap etrabyndan Ogulnabat Berdiýewa» diýip yglan edende: «Beh, bu «Saýra dutarymy» aýdýan doganlar Berdiýewalaryň Ogulnabadymyka?» diýen pikir kelläme urdy. Telewizoryň öňünde oturdym. Sahna orta boýly, eli dutarly gyz çykanda, onuň başga Ogulnabatdygyny gördüm. Dutaryň kirişleri düzülip, saz ýaňlanyp başlady. Onuň inçejik barmaklaryna gelişýän çalasyn hereket bilen dutaryň kirişlerine erk edişine, «Hajygolagy» perdeden-perdä ussatlyk bilen geçirip, kakuwyny ýetirip, şeýle owadan, ýürege ýakyn çalşyna haýran galdym, sebäbi bu saz agyr sazlardan hasaplanýar. Şonuň üçin «Hajygolagy» diňe erkek kişiler çalýandyr öýderdim.

Hindi melegi

1981-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Hindistanyň Bombeý şäherinde «Bolliwudyň» aktýorlary Dharmendra bilen Hema Malininiň maşgalasynda Eşa atly ilkinji perzentleri dünýä inýär. Mekdep ýyllarynda Eşa futbol oýny bilen gyzyklanýar, ilki ýarym goragçy, soňra bolsa mekdebiň futbol toparynyň kapitany bolmak bilen, onuň ýolbaşçylyk edýän topary döwlet derejesinde geçirilýän oýunlarda gowy netijeler gazanýar. Şeýle bolansoň, ony Hindistanyň futbol boýunça zenanlar milli toparyna saýlaýarlar. Ol gandbol oýnunda hem üstünlikli çykyş edýär. Eşa Deol Tahtani 2002-nji ýylda özüniň aktýorlyk ýoluna Winaýa Şuklynyň «Kim meniň ýüregimden sorar» filminde baş keşbi ýerine ýetirmek bilen başlaýar. Bu filmde Hindistanyň ençeme belli aktýorlary çykyş eden hem bolsa, Eşanyň döreden keşbi kino tankytçylarynyň ünsüni çekýär. Bu film oňa şöhrat getirýär, ol birnäçe sylaglara, şeýle hem iň gowy zenan keşbi üçin «Filmfare Awards» baýragyna mynasyp bolýar.

Sungat äleminde

Amanat gursakly halypa Hojageldiniň atasyna Batyr Gurt diýipdirler. Batyr Gurt kolhoz gurluşygy döwründe öňe çykan adamlaryň biri. Goja şahyrymyz Ata Täzebaýyň “Goja başlyklar” atly meşhur şygrynyň gahrymany kimin ýowuz ýyllarda halkynyň gerdenine düşen ýüki deň çekişen Batyr Gurdy obadaşlary ýagşylykda ýatlaýarlar.

Sungatym bar — hormatym bar

Yhlas ýerine düşýär Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda iňňän uly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bilşimiz ýaly, şeýle tagallalarda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda aýdym-saza höwesek zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz sungatynda döredijilikli ukyplaryny has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan giň möçberli işler giň gerime eýe bolýar. Şu meseläniň bähbitli çözgüdinde çagalar sungat mekdeplerine uly orun degişli bolup durýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – milli terbiýäniň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hem-de ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ahlak terbiýesine, ylym-bilime bagyşlanypdyr. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi her bir ata-ene, mugallym we terbiýeçi üçin gymmatly bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň çeperçilik derejesi, many çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuny, ynsanperwer ideýalary bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýeleýär. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, türkmen edebiýatynda şahyrana mekdep döretdi. Söz sungatynyň beýik ussady durmuşda, halkyň, adamlaryň ýaşaýşynda ýüze çykýan meselelere aýratyn ähmiýet beripdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzy ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe sary alyp barýarlar. Ösüşli menzillerde bolsa dünýä döwletleriniň kämil tejribesine hem-de milli gymmatlyklarymyza daýanylýar. Türkmen halky Magtymguly Pyragy bilen dünýä meşhurdyr. Pyragy beýik şahyr hem dana akyldar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan şygryýet dünýäsi bu günki gün giňden öwrenilýär. Şahyryň indi üç asyra golaý wagt bäri halkyň dilinden düşmeýän goşgulary milli terbiýäniň nusg