Näzik kirişleriň bolan bolsadym...

24 Ýanwar 2024
572

Şol gün teleýaýlymda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry gidip durdy. Men türkmen dutarynyň hoş owazyna maýyl bolup, hem bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny diňleýärdim, hemem ruhum galkynyp, öý işleri bilen meşguldym. Bäsleşigi alypbaryjy: «Türkmen halk sazy «Hajygolak». Çalýar Murgap etrabyndan Ogulnabat Berdiýewa» diýip yglan edende: «Beh, bu «Saýra dutarymy» aýdýan doganlar Berdiýewalaryň Ogulnabadymyka?» diýen pikir kelläme urdy. Telewizoryň öňünde oturdym. Sahna orta boýly, eli dutarly gyz çykanda, onuň başga Ogulnabatdygyny gördüm.

Dutaryň kirişleri düzülip, saz ýaňlanyp başlady. Onuň inçejik barmaklaryna gelişýän çalasyn hereket bilen dutaryň kirişlerine erk edişine, «Hajygolagy» perdeden-perdä ussatlyk bilen geçirip, kakuwyny ýetirip, şeýle owadan, ýürege ýakyn çalşyna haýran galdym, sebäbi bu saz agyr sazlardan hasaplanýar. Şonuň üçin «Hajygolagy» diňe erkek kişiler çalýandyr öýderdim.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».