Joşguna beslendi

26 Ýanwar 2024
556

Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we beýleki ildeşlerimiziň gatnaşmagynda geçen maslahat «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy» diýlip atlandyryldy.

Medeni ojagyň toý äheňindäki eýwanynda guralan kitap sergisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň görkezilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.