Maşgala terbiýesi – mukaddeslik mekdebi

31 Ýanwar 2024
148

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan maşgala ojagynyň berkligi, agzybir maşgalalarda terbiýelenýän ýaş nesliň edepli-terbiýeli, bilimli-hünärli, watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. Şol tagallalar ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär. Şonuň üçin hem olar milli medeniýetimize, ene dilimize sarpa goýýarlar. Ýokary medeniýetlilik her bir adamyň hereketinde, gündelik işinde, maşgala durmuşynda aýdyň görünmelidir. Ýaşlaryň özüni medeniýetli alyp barmagy, okuwlaryna oňat ýetişmegi, medeniýetli sözlemegi milli terbiýäniň özenidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Maşgalam - baş galam” diýen pähimi miras galdyran ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri döwrebap many-mazmuna beslenip, mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala terbiýesi islendik çaga üçin täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Döwletimiz tarapyndan maşgalanyň binýadynyň berk bolmagy, onuň agzalarynyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Gadymy zamanlardan bäri maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddeslik saýylyp, ol milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan, goralýan, kämilleşdirilýän ýeridir.

Jümegül ABDULLAÝEWA
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy