Döwürleriň şahyryna sarpa

30 Ýanwar 2024
374

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Beýik türkmen şahyryny hatyralap, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýany boldy. Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmen halkynyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişli bolup durýar. Bu ýylyň ady bilen baglanyşykly neşir önümleriniň hem ençemesi taýýarlanylýar. Ýakynda, 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini, birnäçe dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belläp, göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ogulbagt HOJALYÝEWA,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulyýet bölüminiň müdiri.