Pyragydan ruhlanan ussat

31 Ýanwar 2024
287

Dogduk Diýaryny jany-teni bilen söýüp, durmuş hem-de zähmet ýoluny il-günüň bähbidine haýyrly işlere bagyşlan kişiler mydama ýagşylykda ýatlanylýar, hatyralanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde olaryň atlary ebedileşdirilýär, ömür we zähmet ýoly öwrenilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi, türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekili Aýhan Hajyýew hem şeýle ilhalar adamlaryň biridi. Golaýda geçirilen Hökümet mejlisinde üstümizdäki ýylda meşhur suratkeşiň doglan gününe 100 ýyl dolýandygy, şu mynasybetli ýurdumyzda medeni çäreleriň uly toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Bu hoş habar türkmenistanlylaryň her birinde bolşy ýaly, ildeşimiz — welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýewde hem çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi. Biz onuň bilen söhbetdeş bolduk.

— Myrat aga, bilşimize görä, size-de ussat suratkeş Aýhan Hajyýew bilen didarlaşmak, ondan tälim almak miýesser edipdir. Söhbetdeşligimizi şu baradaky gürrüňlerden başlasak, hemmelere gyzykly bolardy.

Söhbetdeş bolan Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.