Taryhy taryply telpek

31 Ýanwar 2024
274

Telpekler halkymyzyň milli egin-eşik medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Alymlar bagana telpegiň Orhan-Ýeniseý daş ýazgylarynda şekillendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar.

Telpekler tikilişi, daşky görnüşi, reňki boýunça dürli-dürli bolup, biri-birinden tapawutlanýar. Telpek tikmek üçin gowy eýlenen bagana ýa-da deri gerek bolupdyr.

Döwlet ALLAMYRADOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Hojambaz etrap geňeşiniň başlygy.