Akyldaryň keşbi sungat eserlerinde

30 Ýanwar 2024
470

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde beýik söz ussadynyň çeper keşbini nakgaşlyk hem-de heýkel eserlerinde janlandyran halypa we ýaş suratkeşleriň, talyplaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Onda halypa suratkeşler Magtymguly Pyragynyň keşbini şekillendirmek ýaly jogapkärli işdäki tejribeleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýaş döredijiler hem bu hysyrdyly işiň aýratynlyklary dogrusynda pikirlerini paýlaşmak bilen, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.