Kitaphanaçylyk işi kämilleşdirilýär

26 Ýanwar 2024
440

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana ulgamynyň işi döwrebap ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşylýar. Uly üstünlikler bilen tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri hem daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar.

Geçen ýylyň 11 — 14-nji sentýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy geçirildi. Şol forumyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň A.Osmanow adyndaky Milli kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň adyndan Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly kitaby sowgat edildi. Şeýle hem 18 — 23-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp Baku şäherinde «Milli kitaphanalar — halklaryň ruhy baýlygynyň goragçylary» atly ylmy-amaly maslahat, Ýewraziýanyň Kitaphanalar Assambleýasynyň umumy ýygnagy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Milli kitaphanalarynyň direktorlarynyň 6-njy maslahaty, 50-den gowrak döwletiň gatnaşmagynda ylmy konferensiýa geçirildi. Üç günläp dowam eden konferensiýada esasan sanly ulgam, kitaplary gorap saklamak, ony ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmek barada pikir alyşmalar boldy.

Altyn KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary.