Türkmeniň öçmez çyragy

30 Ýanwar 2024
278

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimizde şirin dilli söz ussadymyzyň hormat-sarpasynyň has-da belende galýandygyna her bir ädimde şaýat bolmak kalbymyzy egsilmez joşguna besleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi has-da buýsandyrýar hem-de dünýäde dana şahyrymyzyň döredijiligine, edebi mirasyna bolan gyzyklanmany ýokarlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr. Beýik şahyryň şygyrlar diwanynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi olaryň türkmen medeniýeti, ruhy-ahlak, edep-terbiýe ýörelgeleri bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär» diýip belleýär. Elbetde, geçen taryhy döwrüň içinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň, çuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edilmeginiň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk tagallalary durandyr. Bu ugurdaky tagallalar daşary ýurtly okyjylaryň, edebiýaty söýüjileriň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bolan hormatyny, tutuş adamzat aňyýetiniň kämilleşmegini nazarlaýan eserlerini öwrenmäge bolan isleg-hyjuwynyň barha joşmagyna, beýik akyldaryň edebi mirasy we filosofik dünýägaraýşy bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik açýar.

Eziz DÄDEBAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.