Pyragydan ylham alan

29 Ýanwar 2024
286

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda beýik akyldar şahyryň ilkinji portret keşbini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär. Şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini we türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda «Pyragydan ruhlanan ussat» atly forumy guramak göz öňünde tutulýar.

Meşhur suratkeş Aýhan Hajyýew Köpetdagyň etegindäki Bagyr obasynda dogulýar. Ol 11 ýaşyndaka kakasy Annamuhammet aga aradan çykýar. Aýhan ýaşlygyndan öz dogduk obasynyň baglaryny, Köpetdagdan inýän gözel çeşmelerini höwes bilen suratlandyrypdyr. Onuň tebigy zehinine ejesi Ogulbossan daýza we daýysy aýratyn üns beripdirler.

Azat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji.