Änew — türki dünýäniň üns merkezinde

30 Ýanwar 2024
292

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda hem-de wagyz etmekde aýratyn orna eýedir. Şonuň üçin-de TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul eden çözgüdi halkymyz üçin şatlykly waka boldy. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eramyzdan öňki IV—III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini öwrenmekde-de derwaýys taryhy merkezleriň biridir.

Türkmenistanyň bu babatdaky teklibiniň goldanylmagy taryhy we kökleri umumy bolan goňşy we doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşdygynyň hem ykrarnamasydyr. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen topragy geçmişde gadymy şäherleri guran gerçek pederlerimizden bize miras galan taryhy ýadygärliklere hem baýdyr.

Sona GARRYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň usulyýetçisi.