Watanperwerlige ýugrulan eserler

25 Ýanwar 2024
471

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni we şol döwrüň taryhy wakalaryny çeper beýan edýän kyrka golaý eser görkezilýär. Olaryň arasynda Magtymgulynyň şygyrlaryna bagyşlanan eserler bilen birlikde beýleki nusgawy söz ussatlarynyň portretleri hem bar.

Hallygözel ŞANAZAROWA,
Türkmenistanyň beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri.