... Aýamagyn Taňry salamyn

31 Ýanwar 2024
246

Birnäçe ýyl mundan ozal dokuzynjy onluga gadam basan daýym saglygyna seretdirmek üçin obadan şähere körpe gyzynyňka geldi. Obaly adamyň içini gysdyrmazlyk üçin her gün onuň ýanyna barýardym, gürrüňdeş bolup oturýardym. Näme üçindir, ilkinji günlerde ýaşuly tukat görünýärdi. Bir gün baranymda bolsa, onuň keýpi kök eken. Sebäbini sorasam, ol: «Gelelim bäri öňümden çykýan käbir adamlar salamsyz deňimden geçip gidiberýärdiler. Bu hereketi ýazgaranymda, şäherliniň biri maňa: «Her sataşan nätanyş bilen salamlaşyp durulmaýar. Diňe tanaýan adamlaryň, gatnaşyk saklaýanlaryň bilen salamlaşsaň hem ýeterlikdir» diýdi. Muňa näme diýersiň?! Heý, Taňry bendeleri ýüzbe-ýüz bolubam, salamsyz geçmek bolarmy? «Salam — Tanrynyň haky» diýlip, ýöne ýerden aýdylmandyr ahyryn. Salam bermek birek-birege hormat goýmak ahyryn. Şu gün bolsa bir görmegeý ýaş ýigit güler ýüz, edep-ekram bilen salam berdi. Birneme durup, hal-ahwal soraşdyk. Salamdan soňky mähirli soralyşyk, tanyşlyk, onuň güler ýüzi, süýji sözi keselimi ýeňleden ýaly boldy» diýdi.

Ine, güler ýüz bilen salamlaşmagyň, elleşmegiň, hal-ahwal soraşmagyň güýji.

Temekgylyç Hoşanow.