Halkyň kalbynyň owazy

30 Ýanwar 2024
302

Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy, oňa ruhy lezzet berýän güýçdür. Mukam ýaňlananda, köňülde ýakymly joşgun, ruhubelentlik duýgusy döreýär. Ol ynsany uly üstünliklere, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Aýdym-saz döredijiligiň ajaýyp görnüşleriniň biridir. Aýdym-saz adamzat durmuşynda mäkäm orun almak bilen, ynsan durmuşyny beýan edýän gadymy sungatdyr. Bu sungatda ynsanlaryň durmuş-ýaşaýyş ýörelgeleri giňden beýanyny tapýar. Aýdym-saz sungatynyň baş wezipesi parahatçylygy ündemek, adamlary ynsaplylyga, adalatlylyga, agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige, dost-doganlyga çagyrmakdan ybaratdyr.

Gadymy sungat  dörän wagtyndan bäri uly terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. Saz gurallarynyň köpdürlüligi, ýerine ýetirijilik tärleri, bu sungatyň ynsanlaryň durmuşyna ýetirýän güýçli täsiri barada taryhy çeşmelerde-de köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Göwni ýaz deý şahandaz halkymyz, paýhasly ata-babalarymyz aýdym-saz sungatynyň mizemejek ýollaryny kemala getiripdirler. Türkmen aýdym-saz sungatyny beýgelden ussat bagşydyr sazandalarymyz hakydalarda hem kalplarda müdimilik ýaşajak eserleri döredipdirler. Olar biziň günlerimize sünnälenip gelip ýetipdir. Halypalaryň döreden ýoly ýaş zehinler üçin uly mekdepdir.

Bagtygül SEÝITGULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň ýörite fortepiano bölüminiň ýokary derejeli mugallymy.