Hindi melegi

24 Ýanwar 2024
805

1981-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Hindistanyň Bombeý şäherinde «Bolliwudyň» aktýorlary Dharmendra bilen Hema Malininiň maşgalasynda Eşa atly ilkinji perzentleri dünýä inýär. Mekdep ýyllarynda Eşa futbol oýny bilen gyzyklanýar, ilki ýarym goragçy, soňra bolsa mekdebiň futbol toparynyň kapitany bolmak bilen, onuň ýolbaşçylyk edýän topary döwlet derejesinde geçirilýän oýunlarda gowy netijeler gazanýar. Şeýle bolansoň, ony Hindistanyň futbol boýunça zenanlar milli toparyna saýlaýarlar. Ol gandbol oýnunda hem üstünlikli çykyş edýär.

Eşa Deol Tahtani 2002-nji ýylda özüniň aktýorlyk ýoluna Winaýa Şuklynyň «Kim meniň ýüregimden sorar» filminde baş keşbi ýerine ýetirmek bilen başlaýar. Bu filmde Hindistanyň ençeme belli aktýorlary çykyş eden hem bolsa, Eşanyň döreden keşbi kino tankytçylarynyň ünsüni çekýär. Bu film oňa şöhrat getirýär, ol birnäçe sylaglara, şeýle hem iň gowy zenan keşbi üçin «Filmfare Awards» baýragyna mynasyp bolýar.

Taýýarlan Ogulsapar MUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.