Otuz ýylda dörän simfoniýa

29 Ýanwar 2024
511

Weli Muhadow türkmen professional saz sungatynda simfonizmiň binýadyny goýan beýik kompozitordyr. Ol 1916-njy ýylda Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr obasynda dogulýar. Ýaşlykdan aýdym-saz sungatyna imrigen ussat kompozitor heniz talyp döwründe döreden «Türkmen sýuitasy» hem-de «Meniň Watanym» simfoniki poemasy üçin iki gezek Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Ol 1954-nji ýylda Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň başlyklygyna saýlanýar. 1961-nji ýylda bolsa oňa Türkmen döwlet filarmoniýasynyň direktory we çeper ýolbaşçysy wezipeleri ynanylýar. 1972-nji ýylda Weli Muhadow aýdymlar ýygyndysy üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi bolýar.

Dutary fortepianodan kem görmedik ussat tamdyranyň iki kirşiniň näzik owazyny fortepianonyň köp öwüşginli owazyna garyp, türkmen simfoniýasyny döretdi.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
«Watan».