Sungatym bar — hormatym bar

24 Ýanwar 2024
275

Yhlas ýerine düşýär

Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda iňňän uly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bilşimiz ýaly, şeýle tagallalarda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda aýdym-saza höwesek zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz sungatynda döredijilikli ukyplaryny has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan giň möçberli işler giň gerime eýe bolýar. Şu meseläniň bähbitli çözgüdinde çagalar sungat mekdeplerine uly orun degişli bolup durýar.