Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Dost-doganlygyň, parahatçylygyň we döredijiligiň baýramy

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär Ahal welaýaty, 21-nji mart (TDH). Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.

Haly sungatynyň täzeçil suratkeşi

Ýakynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahalteke bedewiniň şekili çekilen iň nepis haly üçin» diýen halkara çeper döredijilik bäsleşiginiň on iki gezek ýeňijisi Ada Gutlyýewiň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Halymda Arkadag atly nagyş bar, Arkadagly Serdaryma alkyş bar» atly döredijilik sergisi guraldy. «Türkmenfilm» kinostudiýasynda baş suratkeş bolup işlän ýyllarynda ýigrimä golaý spektakly, bäş sany çeper filmi, birnäçe gysga metražly filmleri goýmaga gatnaşan Ada Gutlyýew bu gün gadymy haly sungatymyzyň ösüşlerine egsilmez goşant goşan ussat haly suratkeşi hökmünde tanalýar. Halypa suratkeşiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly toý-dabarasyny şüweleňlendirýän sergisine aýlanyp göreniňde, onuň döredijiliginiň, hakykatdan-da, şekillendiriş sungatynda uly açyş bolandygyna göz ýetirýärsiň. Elde dokalan şekilli halylaryň ýüzündäki bedew keşpleri bir görene ýene görsem diýdirýär. Gadymy haly nagyşlaryndan zynatlanan bu eserlerde ikitaraply şekil: Boýnawyň we Akhanyň, Ýanardagyň hem Şagadamyň keşpleri üýtgeşik röwüşde kalbyňa ornaýar. Ussat suratkeşiň «Iki döwrüň bitewüligi», şeýle-de «Rowaç» we «Ruhubelent» atly eserleri haly sungatymyzyň ebedi sazlaşygyny emele getirýär. Ada Gutlyýewiň «Ahalteke bedewiniň on ýedi ugry», «Sekizburçlukdaky sekiz gudrat» eserleri türkmen bedewiniň on ýedi şahaly nesil da

Zenanlara bagyşlanan komediýa

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda režissýor Mekan Jumabaýewiň dramaturg Öremyrat Öwezowyň «Dünýäniň görki zenanlar» atly komediýasy esasynda sahnalaşdyran spektakly görkezildi. Maşgalada zenanlaryň durmuşyny gülküli wakalaryň üsti bilen açyp görkezýän spektaklda teatryň belli artistleri K.Çaryýew, H.Dowyýewa, S.Aşyrow, N.Gurbangeldiýewa we beýlekiler dürli keşplerde çykyş edýärler. Spektakl teatr muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Haly suratkeşliginiň ussady

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň döredijiliginde halyçylyk sungatynyň çeperçilik ýörelgeleri has kämil görnüşe eýedir. Halypa suratkeş türkmen haly sungatynda täze ugry esaslandyryjydyr diýsek hem ýalňyşmarys. Munuň şeýledigine halypanyň ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda guralan döredijilik sergisinde-de aýdyň göz ýetirdik. Kämillige gol beren halypanyň şekilli haly-surat eserlerinden «Gadymy türkmen sungaty», «Änew metjidi», «Jennet ýaly Diýarym», «Gypjak metjidi», «Türkmeniň datly gawunlary», «Türkmen bolçulygy», «Ak bugdaý», «Türkmenistan — «ak altynyň» mekany, «Türkmeniň altyn güýzi» işlerinde bereketli ene topragymyz gadymy taryhy ýadygärliklerimiz bilen giňişlik çözgüdinde, açyk reňkleriň sazlaşygynda, tämiz howa, ýagty-kölegelik gurluşynda ýerine ýetirilipdir. Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow: «Ada Gutlyýew gadymyýetiň ýürek gürsüldisini, döwrümiziň çeper täzeden aňladylmasyny sungatda beýan etmegi başardy. Biz onuň eserinde halkymyzyň taryhy ykbaly, onuň sungatynyň güýji barada çeper oýlanmalary görýäris» diýip belleýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew bolsa halypa suratkeşiň döreden eserlerini «Beýik döwrüň keşpli innowasion halylary» diýip atlandyrýar. Öňden gelýän asyl nusgaly gadymy haly sungatyna täze öwüşginlerde zehin zeriň bilen goşant goşmak uly ussatlygy

Medeniýet hepdeligi

Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde: «Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris» diýip bellemegi, «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynydyr edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleri buýsandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda depginli ösýän döwletimiziň 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlanmagyny, şeýle hem onlarça halkara resminamalaryň kabul edilmegini, milli gymmatlyklarymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň has-da artandygyny hem-de içeri we daşary syýasaty bilen bagly kabul edilen möhüm çözgütleri belledi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleri bilen, ýurdumyzyň her geçen ýylda şöhratly taryh ýazýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris» diýip bellemegi, «akylly» şäheriň ýaşaýjylaryny, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärlerini buýsandyrdy.

Sungata sarpa bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň belent derejelere ýetendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz: «Biz häzirki döwürde medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýarys, medeniýet ulgamynda netijeli zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanýan döredijilik işgärleriniň asylly zähmetine, zehin-başarnyklaryna ýokary baha berýäris» diýip nygtaýar. Irki döwürlerde döredilip, kämil derejä ýetirilen milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy aýap saklamakda, ony geljekki nesillere ýetirmekde, dünýä ýaýmakda ýurdumyzda örän uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, durmuşyny, ruhy galkynyşyny özünde jemleýän medeniýetimiz, sungatymyz taryp etmäge hem-de dünýä ýaýmaga mynasypdyr. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, has-da döredijilikli zähmet çekeris.

Baky bagtyň bahary

Bir ulamadan bagty nireden tapyp bolýandygyny soranlarynda ol: «Eger siz bagtyň ysyny almak isleseňiz, aňzakly gyşyň yzysüre bütin tebigaty janlandyrýan baharyň ilkinji günlerinde sonarly sähradaky gülleriň ysyndan melul bolup görüň! Eger-de siz bagtyň sesini eşitmek isleseňiz, ony ýaşyl ýazlarda söýgi hakynda saýraýan bilbiliň owazyndan tapyp bilersiňiz» diýip jogap beripdir. Hakykatdanam, her näçe oýlansagam bagty bahara meňzeş barlykdan başga ýerde göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýämizi-de bahar kalply mähribanlaryň nurlandyrýany üçin «ýagty dünýä» diýip atlandyrmaýarysmy näme?! Bahara gyşam aşyk bolany üçin ony gören dessine pagyş-para bolup ereýär ahyryn?! Hut şonuň üçin hem ýaz gelende şahyr: Ýaşyl ýaza ýüregňizden ýer berip,Arzuwlaň ak ganatyna per beriň! —

Tebigatyň baýramy

Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şat gülküsi, olara öz mährini siňdirýän mährem eneler, bägül dek açylan owadan gelin-gyzlarymyz baharyň gelşigidir. Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň çäklerini gök tokaý zolagyna öwürmek üçin ählihalk bag ekmek dabarasy giňden geçirilýär. Hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary bu ýerleriň bezegine öwrülip, ajaýyp gözelligi döredýär. Nowruz golaýlaşdygyça topragyň ýylylygy hem artýar. Rysgal-berekedi ýagmyrda görýän çarwadyr daýhan gyzgalaňly zähmete girişýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň dabaralary parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda uly şatlyk-şowhuna beslenýär.

Dillerde Nowruz waspy

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň, täzelenişiň hem gözelligiň dabaralanmasydyr. Bu baýramda tebigat janlanyp, gözel görnüş emele gelýär. Gözelligiň gözlegindäki göwünler bolsa bu görnüşi synlap, ajaýyp eser döredýär. Milli Bahar baýramynyň ýaşyl barlygyny, güllerini halyçylar ajaýyp göllerine, keşdeçiler nepis nusgalaryna siňdirseler, bagşy-sazandalar ýaz ýaly ýürekleriniň joşguny bilen tebigatyň gözel görnüşini wasp edýärler. Özüniň gözel goýnunda kämil sungat eserleriniň döremegine sebäp bolan ýaşyl ýaz şahyr ýüregine-de çäksiz ylham-joşgun bagyşlaýar. Milli bahar baýramynyň toýlanýan günlerinde tebigatyň bürenýän owadan lybasy şahyrlaryň eserinde giňişleýin beýanyny tapýar. Ýaşyl ýazyň waspy Ýunus Emre, Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Andalyp, Şeýdaýy, Şabende, Magtymguly Pyragy, Kemine, Seýdi, Zelili, Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde giň orun alýar. Bu babatda, Magtymguly Pyragynyň «Nowruzdan seni», «Jahan peýda» ýaly goşgularyny görkezmek bolar.

Ylham çeşmesiniň gözbaşy

Türkmen halky Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Halkymyz akyldar şahyryň beýik poeziýasyny geçmişi, şu güni, geljegi hasaplap, kalbynda henize-bu güne çenli ýaşadyp gelýär. Şonuň netijesinde-de, söz ussadynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy barha artýar. Mälim bolşy ýaly, akyldaryň mertebeli keşbi Milli Liderimiziň döwet galamyndan kemala gelýän dürdäne eserleriň, naýbaşy kitaplaryň mazmunynda aýdyňlygy bilen öz beýanyny tapýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän eserleriniň süňňüne Magtymguly Pyragy bitewüligi bilen girip, diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň hakydasyna hemişelik ornady. Ine, şeýle şahsyýeti öwrenmäge, onuň gymmatly pikirlerini halka ýetirmäge mümkinçilik açýan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri türkmen edebiýatyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Akyldar şahyr hakynda Beýik Ynsanyň döwet galamyndan çykan eseriň bolmagynyň özi-de beýiklikdir, belentlikdir. Taryha ser salsak, Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň bellenilen 2014-nji ýylda Milli Liderimiziň türkmen halkymyza peşgeş eden «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitaby beýik şahyrymyzyň ruhy ýadygärligine goýulýan hormat-sarpany, onuň şahsyýetiniň belentligini has-da artdyrdy. Bilşimiz ýa

Ýaşaýşyň ýaşyl begresi

Nowruz ýagşy niýetler bilen ertirki ýagty, nurana günlerden habar berýän, taryhyň uzak geçmişinden şu günlere çenli, halklaryň arasynda ýaşap gelýän iň gadymy, gadymylygy bilen birlikde, her ýyl il-halkymyz bilen bellenilýän nowjuwan baýramlaryň biridir. «Nowruz» pars sözi bolup, «täze gün», «täze ýyl» diýen manyny berýär. Nowruz — janlanyşyň, oýanyşyň baýramy. Bu baýramyň gelip çykyş taryhyny öwrenmekde taryhy we gadymy çeşmeleriň biri hem Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly kitabydyr. Bu kitapda türki halklaryň taryhy, medeni mirasy, asyrlaryň jümmüşine uzaýan çuňňur kökleri we Nowruz baýramy hakynda hem gymmatly maglumatlara duş gelýäris.

Tebigy hakykatyň täsinligi

Asman-zemin arasyny nuranalyga hem görkanalyga besleýän Halkara Nowruz güni bu günki gün Gündogar halklarynyň taryhy-medeni aýratynlyklaryny we däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan, myhmansöýerligiň, dost-doganlygyň, özara ýakynlaşmagyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşany hökmünde täzeçe öwüşgin alyp, halkara derejesinde giňden bellenilýär. Dünýä halklarynyň medeni ösüşinde Nowruz baýramçylygynyň ähmiýeti we onuň umumadamzat medeniýetinde tutýan orny uludyr. Nowruz däp-dessurlarynyň ählisi ýagşy arzuw-niýetleri, ruhubelent umytlary kalba besleýän maksatlardan badalga alýar. Halkyň paýhas çeşmesi bolan, asyrlar içre sünnälene-sünnälene kemala gelen nakyllardyr atalar sözlerimiz hem Nowruzyň gadymylygyndan habar berýär. Halkyň çeper gymmatlygynyň genji-hazynasy, gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiliginiň bir bölegi bolan monjugatdylar özüniň döreýşi boýunça-da tebigata ýakyndyr. Olarda şirin hem sada pikirler bilen bir hatarda, özboluşly şahyranalyk bar:

Milliligiň ajaýyp baýramy

Halkara derejesinde bellenilýän Halkara Nowruz güni gözelligiň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, abadançylygyň we halklary jebisleşdirmegiň baýramydyr. Gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramy ýaşaýşyň dabaralanýan güni hökmünde Ýer ýüzünde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara baýram derejesiniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Taryhy öwreniji alymlaryň pikirine görä, Nowruz iň gadymy baýramlaryň biridir. Bu baýramçylyk barada dürli ýazuw çeşmelerinde maglumatlar saklanyp galypdyr. Nowruz baýramynyň taryhy we onda dürli halklarda berjaý edilýän däp-dessurlaryň döreýşi hakynda dürli maglumatlara duşmak bolýar. Şeýle hem dürli döwürlerde her halkyň öz ýöredýän senenamasy bolupdyr. Olar ýyly pasyllara, aýlara, günlere bölüpdirler. Her halkyň olary atlandyrmakda eýerýän ýörelgeleri dürlüçe bolup, olar gije-gündiziň bahar paslyndaky deňleşmesini täze ýylyň ilkinji güni diýip kabul edipdirler. Şol güne bolsa, «Nowruz» diýip at berip, ol täze ýylyň, bereketli hasylyň başlangyjy hökmünde uly baýram edilip bellenipdir.

Kalplara siňen keşp

Gyzylarbat etrabynyň Purnuwar obasynda dünýä inen Güljan türkmen kinosynyň taryhynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň söýgülisi Meňliniň keşbini janlandyrmagy başarypdyr. Her gezek «Magtymguly» filmine tomaşa edenimde Güljanyň, ýagny daýzamyň asylly, sada, tüýs türkmen gyzlaryna mahsus uýaljaň Meňliniň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirendigine göz ýetirýärin. Filmde Meňliniň keşbinde üýtgeşik sözleşmek, dialog ýok. Emma şol döwrüň ulugyzlaryna mahsus häsiýeti diňe hereketleriň üsti bilen, bakyşlaryň üsti bilen açmak üçin zehin hem, başarnyk gerek. Ol barada söz açylanda, çagalyk döwrümden bäri eşiden gyzykly gürrüňlerim ýadyma düşýär. Ol gürrüňler häzir hem gulagymda ýaňlanyp dur. Ejemiň we daýzalarymyň gürrüň bermeklerine görä, Güljan daýzam çagalygyndan okuwa, sporta, medeniýete höwesliligi, erjelligi bilen öz deň-duşlarynyň arasyndan saýlanypdyr. Olar Güljanyň gyzykly geçen çagalyk ýyllary barada tolgundyryjy gürrüňleri aýdyp berýärdiler.

Diňleýjileri jadylan mukam

«Oturanlar agladylar» diýen sözbaşy bilen «Hazar» gazetiniň 1937-nji ýylyň 18-nji martynda çykan 78-nji sanynda Azerbaýjanyň medeniýet işgäri Alizadeniň makalasy ýerleşdirilipdir. Bu şol döwürde bütin Aziýa halk döredijiligine bagyşlanyp Baku şäherinde geçirilen baýramçylykda türkmen bagşysyna berlen ýokary baha bolmaly. Sungatyň uly toýuna Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyz döwletinden, Tatarystandan, Başgyrdystandan belli aýdymçy-sazandalaryň gatnaşandygy barada ylmy ýolbaşçym, professor W.M.Belýaýew 1967-nji ýylda gürrüň beripdi. Şonda onuň elindäki türkmen zenanynyň suraty ünsümi çekdi. Ol bu suratdaky zenanyň ajaýyp sazlary bilen baýramçylyga gatnaşanlary agladan Akmeňli bagşydygyny aýdyp, şeýle gürrüň berdi: — Halk döredijiliginiň baýramçylygyna Arap ýurtlaryndan, hatda Owganystandan-da bagşylar gatnaşyp, aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Türkmen zenany Nabat bagşy azerbaýjan tar saz guralynda şeýle bir saz çaldy welin, tomaşaçylaryň ählisi ör turup, el çarpdylar. Akmeňli, şeýle-de beýleki zenan bagşylar türkmen saz sungatynyň beýik nusgasyny görkezip bildiler. Men bular barada W.A.Uspenskä ýazdym, emma ol Gyzyletrege (häzirki Etrek) gelip bilmändir. Türkmen sazandasy Täçmämmet Suhanguly, aýdymçy Hydyr bagşy, tüýdükçiler Şajyk gul, Ýazmyrat Köse, Hojanazar Berdi dagy türkmen saz medeniýetiniň şan-şöhratyny bütin dünýä aýan etdiler.

Gözellik döredýän zenanlar

Şu ýylyň mart aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli, «Gözellik döredýän zenanlar» atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşikli sergisi açyldy. Türkmen halk döredijiliginden alnan gyzykly sahnalar, çuňňur many-mazmunly taryhy wakalar, döwürdeşlerimiziň özboluşly keşpleri, Watanymyzyň gözel tebigaty bu sergidäki eserlerde öz beýanyny tapýar. Sergä 150-den gowrak  zenan suratkeşler öz döredijilik eserleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn hem-de amaly-haşam sungaty boýunça döredilen eserleriň 200-den gowragy tomaşaçylara görkezildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergide al-ýaşyl güllere beslenen bahar paslynyň gözel keşbini wasp edýän peýzažlar, Nowruz ýaýlasyny, bereketli topragymyzyň datly miwelerinden düzülen natýurmort eserleri, bagtyýar zamanada ýaşaýan türkmen halkynyň toý-baýramlaryny, milli däp-dessurlaryny şekillendirýän taslama eserleri görkezilýär. Sergide Gunça Myradowanyň «Gelin», «Gyzym Medine», «Joralar», Oguljeren Babaýewanyň «Rodoguna», «Bilbil aýdym aýdanda», Laçyn Toýlyýewanyň «Kerwen», Gülbaha

Dünýä ýüzünde zenanlar gününiň bellenilişi

Halkara zenanlar gününi dünýäniň 27 ýurdunda baýram edýärler. Dünýäniň köp ýurtlary üçin 8-nji mart zenanlaryň ylma, jemgyýetçilik durmuşyna, medeniýete goşýan goşantlaryny ýatladýan waka bolup hyzmat edýär. Bu bolsa zenanlar baradaky aladanyň, olara hormatyň we söýginiň nyşanydyr. Dünýä ýüzünde zenanlar gününiň bellenilişi dürli-dürlüdir. Hytaýda bu gün asuda geçýär. Sebäbi hytaýlylaryň bu baýram baradaky pikiri üýtgeşik. 35 ýaşdan geçenler zenan hasaplanýarlar, bu ýaşa ýetmedik hytaýly zenanlar özlerini «gyz» diýip atlandyrmagy dogry hasaplaýarlar. Ýaş hem-de durmuşa çykmadyk gyzlar «Owadan ýaşlaryň güni» diýip 7-nji martda bellenilýän öz şahsy baýramlaryny ykrar etdiler. Hytaýda 8-nji martda eneleri we durmuşa çykan zenanlary gutlaýarlar. Halkara Zenanlar gününiň nyşany bolan iýeroglifi terjime edeniňde, ol «maşgala ojagynyň goragçysy» diýen manyny berýär. Erkekler 8-nji martyň öň ýanyndaky gün söýgüli zenanlaryna gutlaglary, uly bolmadyk zatlary hem-de küýzedäki güli sowgat edýärler. Köp hytaýlylar şol gün öz aýallaryny hojalyk işlerinden boşadýarlar we baýramçylyk tagamyny bişirmegi öz üstlerine alýarlar.

Ykbalyň peşgeşi

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllygynyň dabaraly belleniljekdigi buýsandyryjy habarlaryň biri boldy. Magtymguly atamyzyň keşbini döretmegi tüýs ýüreginden arzuw edip, yzygiderli gözlegleriň dowamynda maksadyna ýetip, şahyryň kanoniki portretini döreden ussat suratkeşiň doglan gününiň 100 ýyllygynyň dünýä halklarynyň ruhy çyragy Magtymguly Pyragynyň baýramçylygy bilen bir ýylda gabat gelmegi barada oýlananyňda, kalbyň töründen: «Ol ykbalyň peşgeşidir, Magtymguly atamyzyň gudratydyr» diýen owaz ýaňlanýar.

Nusgawy usul hemişe döwrebapdyr

Dünýä nysakçylygynda öwrülişik etmegi başaran zenan Gabriel Boner Şanel 1883-nji ýylyň 19-njy awgustynda Fransiýanyň Somýure şäherinde dogulýar. Onuň ejesi Eženi Žanna Dewol Şanel haýyr-sahawat hassahanasynda kir ýuwujy bolup işläpdir. Gabriel Žannanyň ikinji çagasydyr. Onuň kakasynyň adyna Albera Şanel diýipdirler. Kakasy ýarmarkalarda, bazarlarda işçi eşiklerini we ýene-de birnäçe ownuk harytlary satmak bilen meşgullanypdyr. Gabrieliň özünden bir ýaş uly aýal dogany bolupdyr. Soňlugy bilen maşgalada jemi alty çaga dünýä inipdir. Gabriel dogluş hakynda resmi ýagdaýda hasaba alnanda, «Shanel» diýlip ýazgy edilipdir. Hasaba alnyşykda ejesiniň hem kakasynyň gatnaşyp bilmänligi üçin, şeýle ýalňyşlyk goýberilipdir. Gabriel 11 ýaşyndaka ejesi Žanna aradan çykýar. Kakasy iki ogluny oba işlemäge ugradypdyr, gyzlaryny bolsa Obazin abbatlygynda ýerleşýän ýetimler we idegsiz gyzjagazlar üçin niýetlenen öýe ýerleşdiripdir. Ol ýerde durmuş ýowuz bolupdyr, tertip-düzgün berk saklanypdyr. Muňa garamazdan, bu ýerdäki ýowuzlyk Şaneliň geljekde uly üstünliklere ýetmegine ýardam edipdir, sebäbi ol ýerdäki terbiýeçi zenanlar gyzjagaza tikin tikmegi, köýnek biçmegi öwredipdirler. Bu bolsa onuň geljekde güýçli modelýer, bezegçi, dizaýner bolup ýetişmegine kömek edipdir. Gabriel 18 ýaşdan soň katolik gyzlaryň Mulen şäherinde ýerleşýän okuw mekdebine geçipdir.

«Gelse Nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda...»

Milli bahar baýramy mynasybetli Balkanabat şäheriniň Türkmeniň ak öýi binasynda Balkan welaýat Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň gatnaşmagynda «Gelse Nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda...» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda teatryň artistleri halkymyzyň toý, daýhançylyk däp-dessurlaryny halk döredijiliginiň naýbaşy nusgalary arkaly açyp görkezdiler. Dabara gatnaşanlara ýörite taýýarlanan milli tagamlarymyz hödür edildi. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri wasp edildi. Joşgunly aýdym-sazlar, buýsançly sözler bilen sazlaşan dabaranyň dowamy dana Pyragynyň dogduk mekany — Magtymguly etrap merkezinde şahyryň adyny göterýän muzeýiň öňünde dowam etdi.