Baky bagtyň bahary

20 Mart 2024
270

Bir ulamadan bagty nireden tapyp bolýandygyny soranlarynda ol: «Eger siz bagtyň ysyny almak isleseňiz, aňzakly gyşyň yzysüre bütin tebigaty janlandyrýan baharyň ilkinji günlerinde sonarly sähradaky gülleriň ysyndan melul bolup görüň! Eger-de siz bagtyň sesini eşitmek isleseňiz, ony ýaşyl ýazlarda söýgi hakynda saýraýan bilbiliň owazyndan tapyp bilersiňiz» diýip jogap beripdir. Hakykatdanam, her näçe oýlansagam bagty bahara meňzeş barlykdan başga ýerde göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýämizi-de bahar kalply mähribanlaryň nurlandyrýany üçin «ýagty dünýä» diýip atlandyrmaýarysmy näme?! Bahara gyşam aşyk bolany üçin ony gören dessine pagyş-para bolup ereýär ahyryn?! Hut şonuň üçin hem ýaz gelende şahyr:

Ýaşyl ýaza ýüregňizden ýer berip,
Arzuwlaň ak ganatyna per beriň! —

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».