Dost-doganlygyň, parahatçylygyň we döredijiligiň baýramy

22 Mart 2024
184

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär

Ahal welaýaty, 21-nji mart (TDH). Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.