Dillerde Nowruz waspy

20 Mart 2024
299

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň, täzelenişiň hem gözelligiň dabaralanmasydyr. Bu baýramda tebigat janlanyp, gözel görnüş emele gelýär. Gözelligiň gözlegindäki göwünler bolsa bu görnüşi synlap, ajaýyp eser döredýär. Milli Bahar baýramynyň ýaşyl barlygyny, güllerini halyçylar ajaýyp göllerine, keşdeçiler nepis nusgalaryna siňdirseler, bagşy-sazandalar ýaz ýaly ýürekleriniň joşguny bilen tebigatyň gözel görnüşini wasp edýärler.

Özüniň gözel goýnunda kämil sungat eserleriniň döremegine sebäp bolan ýaşyl ýaz şahyr ýüregine-de çäksiz ylham-joşgun bagyşlaýar. Milli bahar baýramynyň toýlanýan günlerinde tebigatyň bürenýän owadan lybasy şahyrlaryň eserinde giňişleýin beýanyny tapýar. Ýaşyl ýazyň waspy Ýunus Emre, Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Andalyp, Şeýdaýy, Şabende, Magtymguly Pyragy, Kemine, Seýdi, Zelili, Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde giň orun alýar. Bu babatda, Magtymguly Pyragynyň «Nowruzdan seni», «Jahan peýda» ýaly goşgularyny görkezmek bolar.

Leýla RAHMANOWA,
Hojambaz etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymy.