Tebigatyň baýramy

20 Mart 2024
313

Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şat gülküsi, olara öz mährini siňdirýän mährem eneler, bägül dek açylan owadan gelin-gyzlarymyz baharyň gelşigidir. Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň çäklerini gök tokaý zolagyna öwürmek üçin ählihalk bag ekmek dabarasy giňden geçirilýär. Hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary bu ýerleriň bezegine öwrülip, ajaýyp gözelligi döredýär. Nowruz golaýlaşdygyça topragyň ýylylygy hem artýar. Rysgal-berekedi ýagmyrda görýän çarwadyr daýhan gyzgalaňly zähmete girişýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň dabaralary parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda uly şatlyk-şowhuna beslenýär.

Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.