Ylham çeşmesiniň gözbaşy

20 Mart 2024
255

Türkmen halky Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Halkymyz akyldar şahyryň beýik poeziýasyny geçmişi, şu güni, geljegi hasaplap, kalbynda henize-bu güne çenli ýaşadyp gelýär. Şonuň netijesinde-de, söz ussadynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy barha artýar. Mälim bolşy ýaly, akyldaryň mertebeli keşbi Milli Liderimiziň döwet galamyndan kemala gelýän dürdäne eserleriň, naýbaşy kitaplaryň mazmunynda aýdyňlygy bilen öz beýanyny tapýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän eserleriniň süňňüne Magtymguly Pyragy bitewüligi bilen girip, diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň hakydasyna hemişelik ornady. Ine, şeýle şahsyýeti öwrenmäge, onuň gymmatly pikirlerini halka ýetirmäge mümkinçilik açýan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri türkmen edebiýatyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Akyldar şahyr hakynda Beýik Ynsanyň döwet galamyndan çykan eseriň bolmagynyň özi-de beýiklikdir, belentlikdir. Taryha ser salsak, Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň bellenilen 2014-nji ýylda Milli Liderimiziň türkmen halkymyza peşgeş eden «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitaby beýik şahyrymyzyň ruhy ýadygärligine goýulýan hormat-sarpany, onuň şahsyýetiniň belentligini has-da artdyrdy. Bilşimiz ýaly, bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda şahyr hakynda aýdan dürdäne setirleriniň bir ýere jemlenmesidir. Kitap magtymgulyşynas alymlar üçin bahasyz gymmatlykdyr.

Bagtyýar ALLOWOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.