Haly suratkeşliginiň ussady

21 Mart 2024
378

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň döredijiliginde halyçylyk sungatynyň çeperçilik ýörelgeleri has kämil görnüşe eýedir. Halypa suratkeş türkmen haly sungatynda täze ugry esaslandyryjydyr diýsek hem ýalňyşmarys. Munuň şeýledigine halypanyň ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda guralan döredijilik sergisinde-de aýdyň göz ýetirdik. Kämillige gol beren halypanyň şekilli haly-surat eserlerinden «Gadymy türkmen sungaty», «Änew metjidi», «Jennet ýaly Diýarym», «Gypjak metjidi», «Türkmeniň datly gawunlary», «Türkmen bolçulygy», «Ak bugdaý», «Türkmenistan — «ak altynyň» mekany, «Türkmeniň altyn güýzi» işlerinde bereketli ene topragymyz gadymy taryhy ýadygärliklerimiz bilen giňişlik çözgüdinde, açyk reňkleriň sazlaşygynda, tämiz howa, ýagty-kölegelik gurluşynda ýerine ýetirilipdir.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow: «Ada Gutlyýew gadymyýetiň ýürek gürsüldisini, döwrümiziň çeper täzeden aňladylmasyny sungatda beýan etmegi başardy. Biz onuň eserinde halkymyzyň taryhy ykbaly, onuň sungatynyň güýji barada çeper oýlanmalary görýäris» diýip belleýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew bolsa halypa suratkeşiň döreden eserlerini «Beýik döwrüň keşpli innowasion halylary» diýip atlandyrýar. Öňden gelýän asyl nusgaly gadymy haly sungatyna täze öwüşginlerde zehin zeriň bilen goşant goşmak uly ussatlygy talap edýär.

Göwher SAPARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.