Milliligiň ajaýyp baýramy

20 Mart 2024
334

Halkara derejesinde bellenilýän Halkara Nowruz güni gözelligiň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, abadançylygyň we halklary jebisleşdirmegiň baýramydyr. Gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramy ýaşaýşyň dabaralanýan güni hökmünde Ýer ýüzünde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara baýram derejesiniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Taryhy öwreniji alymlaryň pikirine görä, Nowruz iň gadymy baýramlaryň biridir. Bu baýramçylyk barada dürli ýazuw çeşmelerinde maglumatlar saklanyp galypdyr. Nowruz baýramynyň taryhy we onda dürli halklarda berjaý edilýän däp-dessurlaryň döreýşi hakynda dürli maglumatlara duşmak bolýar. Şeýle hem dürli döwürlerde her halkyň öz ýöredýän senenamasy bolupdyr. Olar ýyly pasyllara, aýlara, günlere bölüpdirler. Her halkyň olary atlandyrmakda eýerýän ýörelgeleri dürlüçe bolup, olar gije-gündiziň bahar paslyndaky deňleşmesini täze ýylyň ilkinji güni diýip kabul edipdirler. Şol güne bolsa, «Nowruz» diýip at berip, ol täze ýylyň, bereketli hasylyň başlangyjy hökmünde uly baýram edilip bellenipdir.

Arzygül BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.