Diňleýjileri jadylan mukam

20 Mart 2024
455

«Oturanlar agladylar» diýen sözbaşy bilen «Hazar» gazetiniň 1937-nji ýylyň 18-nji martynda çykan 78-nji sanynda Azerbaýjanyň medeniýet işgäri Alizadeniň makalasy ýerleşdirilipdir. Bu şol döwürde bütin Aziýa halk döredijiligine bagyşlanyp Baku şäherinde geçirilen baýramçylykda türkmen bagşysyna berlen ýokary baha bolmaly. Sungatyň uly toýuna Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyz döwletinden, Tatarystandan, Başgyrdystandan belli aýdymçy-sazandalaryň gatnaşandygy barada ylmy ýolbaşçym, professor W.M.Belýaýew 1967-nji ýylda gürrüň beripdi. Şonda onuň elindäki türkmen zenanynyň suraty ünsümi çekdi. Ol bu suratdaky zenanyň ajaýyp sazlary bilen baýramçylyga gatnaşanlary agladan Akmeňli bagşydygyny aýdyp, şeýle gürrüň berdi:

— Halk döredijiliginiň baýramçylygyna Arap ýurtlaryndan, hatda Owganystandan-da bagşylar gatnaşyp, aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Türkmen zenany Nabat bagşy azerbaýjan tar saz guralynda şeýle bir saz çaldy welin, tomaşaçylaryň ählisi ör turup, el çarpdylar. Akmeňli, şeýle-de beýleki zenan bagşylar türkmen saz sungatynyň beýik nusgasyny görkezip bildiler. Men bular barada W.A.Uspenskä ýazdym, emma ol Gyzyletrege (häzirki Etrek) gelip bilmändir. Türkmen sazandasy Täçmämmet Suhanguly, aýdymçy Hydyr bagşy, tüýdükçiler Şajyk gul, Ýazmyrat Köse, Hojanazar Berdi dagy türkmen saz medeniýetiniň şan-şöhratyny bütin dünýä aýan etdiler.

Salyh JUMALYÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.