Ýaşaýşyň ýaşyl begresi

20 Mart 2024
271

Nowruz ýagşy niýetler bilen ertirki ýagty, nurana günlerden habar berýän, taryhyň uzak geçmişinden şu günlere çenli, halklaryň arasynda ýaşap gelýän iň gadymy, gadymylygy bilen birlikde, her ýyl il-halkymyz bilen bellenilýän nowjuwan baýramlaryň biridir.

«Nowruz» pars sözi bolup, «täze gün», «täze ýyl» diýen manyny berýär. Nowruz — janlanyşyň, oýanyşyň baýramy. Bu baýramyň gelip çykyş taryhyny öwrenmekde taryhy we gadymy çeşmeleriň biri hem Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly kitabydyr. Bu kitapda türki halklaryň taryhy, medeni mirasy, asyrlaryň jümmüşine uzaýan çuňňur kökleri we Nowruz baýramy hakynda hem gymmatly maglumatlara duş gelýäris.

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.