Gözellik döredýän zenanlar

20 Mart 2024
424

Şu ýylyň mart aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli, «Gözellik döredýän zenanlar» atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşikli sergisi açyldy. Türkmen halk döredijiliginden alnan gyzykly sahnalar, çuňňur many-mazmunly taryhy wakalar, döwürdeşlerimiziň özboluşly keşpleri, Watanymyzyň gözel tebigaty bu sergidäki eserlerde öz beýanyny tapýar. Sergä 150-den gowrak  zenan suratkeşler öz döredijilik eserleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn hem-de amaly-haşam sungaty boýunça döredilen eserleriň 200-den gowragy tomaşaçylara görkezildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergide al-ýaşyl güllere beslenen bahar paslynyň gözel keşbini wasp edýän peýzažlar, Nowruz ýaýlasyny, bereketli topragymyzyň datly miwelerinden düzülen natýurmort eserleri, bagtyýar zamanada ýaşaýan türkmen halkynyň toý-baýramlaryny, milli däp-dessurlaryny şekillendirýän taslama eserleri görkezilýär. Sergide Gunça Myradowanyň «Gelin», «Gyzym Medine», «Joralar», Oguljeren Babaýewanyň «Rodoguna», «Bilbil aýdym aýdanda», Laçyn Toýlyýewanyň «Kerwen», Gülbahar Annagulyýewanyň «Gyzyl kürte», «Magtymguly Pyragynyň eýýamy», Gülnäz Rozykulowanyň «Beýik seljuklar», «Meňli hakynda söhbet» ýaly we ýene-de ençeme eserler ýerleşdirildi.

Özboluşly gözellige, çuňňur duýgulara ýugrulan, ynsan bilen tebigatyň aýrylmaz baglanyşygyny, gyzykly ýatda galyjy täsirli pursatlary, tebigatyň çäksiz giňişligini müňlerçe reňk öwüşginleriniň üsti bilen şahyrana wasp edýän eserler sergä gelen myhmanlarda uly täsirleri galdyrdy.

«Zenan kalby».