Kalplara siňen keşp

20 Mart 2024
737

Gyzylarbat etrabynyň Purnuwar obasynda dünýä inen Güljan türkmen kinosynyň taryhynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň söýgülisi Meňliniň keşbini janlandyrmagy başarypdyr.

Her gezek «Magtymguly» filmine tomaşa edenimde Güljanyň, ýagny daýzamyň asylly, sada, tüýs türkmen gyzlaryna mahsus uýaljaň Meňliniň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirendigine göz ýetirýärin. Filmde Meňliniň keşbinde üýtgeşik sözleşmek, dialog ýok. Emma şol döwrüň ulugyzlaryna mahsus häsiýeti diňe hereketleriň üsti bilen, bakyşlaryň üsti bilen açmak üçin zehin hem, başarnyk gerek. Ol barada söz açylanda, çagalyk döwrümden bäri eşiden gyzykly gürrüňlerim ýadyma düşýär. Ol gürrüňler häzir hem gulagymda ýaňlanyp dur. Ejemiň we daýzalarymyň gürrüň bermeklerine görä, Güljan daýzam çagalygyndan okuwa, sporta, medeniýete höwesliligi, erjelligi bilen öz deň-duşlarynyň arasyndan saýlanypdyr. Olar Güljanyň gyzykly geçen çagalyk ýyllary barada tolgundyryjy gürrüňleri aýdyp berýärdiler.

Güljahan GARAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.