Nusgawy usul hemişe döwrebapdyr

20 Mart 2024
438

Dünýä nysakçylygynda öwrülişik etmegi başaran zenan Gabriel Boner Şanel 1883-nji ýylyň 19-njy awgustynda Fransiýanyň Somýure şäherinde dogulýar. Onuň ejesi Eženi Žanna Dewol Şanel haýyr-sahawat hassahanasynda kir ýuwujy bolup işläpdir. Gabriel Žannanyň ikinji çagasydyr. Onuň kakasynyň adyna Albera Şanel diýipdirler. Kakasy ýarmarkalarda, bazarlarda işçi eşiklerini we ýene-de birnäçe ownuk harytlary satmak bilen meşgullanypdyr. Gabrieliň özünden bir ýaş uly aýal dogany bolupdyr. Soňlugy bilen maşgalada jemi alty çaga dünýä inipdir.

Gabriel dogluş hakynda resmi ýagdaýda hasaba alnanda, «Shanel» diýlip ýazgy edilipdir. Hasaba alnyşykda ejesiniň hem kakasynyň gatnaşyp bilmänligi üçin, şeýle ýalňyşlyk goýberilipdir. Gabriel 11 ýaşyndaka ejesi Žanna aradan çykýar. Kakasy iki ogluny oba işlemäge ugradypdyr, gyzlaryny bolsa Obazin abbatlygynda ýerleşýän ýetimler we idegsiz gyzjagazlar üçin niýetlenen öýe ýerleşdiripdir. Ol ýerde durmuş ýowuz bolupdyr, tertip-düzgün berk saklanypdyr. Muňa garamazdan, bu ýerdäki ýowuzlyk Şaneliň geljekde uly üstünliklere ýetmegine ýardam edipdir, sebäbi ol ýerdäki terbiýeçi zenanlar gyzjagaza tikin tikmegi, köýnek biçmegi öwredipdirler. Bu bolsa onuň geljekde güýçli modelýer, bezegçi, dizaýner bolup ýetişmegine kömek edipdir. Gabriel 18 ýaşdan soň katolik gyzlaryň Mulen şäherinde ýerleşýän okuw mekdebine geçipdir.

Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».