Sungata sarpa bar

20 Mart 2024
451

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň belent derejelere ýetendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz: «Biz häzirki döwürde medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýarys, medeniýet ulgamynda netijeli zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanýan döredijilik işgärleriniň asylly zähmetine, zehin-başarnyklaryna ýokary baha berýäris» diýip nygtaýar. Irki döwürlerde döredilip, kämil derejä ýetirilen milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy aýap saklamakda, ony geljekki nesillere ýetirmekde, dünýä ýaýmakda ýurdumyzda örän uly işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, durmuşyny, ruhy galkynyşyny özünde jemleýän medeniýetimiz, sungatymyz taryp etmäge hem-de dünýä ýaýmaga mynasypdyr.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, has-da döredijilikli zähmet çekeris.

Jamal Nurjanowa,
Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.