Medeniýet hepdeligi

20 Mart 2024
262

Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde: «Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris» diýip bellemegi, «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynydyr edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleri buýsandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda depginli ösýän döwletimiziň 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlanmagyny, şeýle hem onlarça halkara resminamalaryň kabul edilmegini, milli gymmatlyklarymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň has-da artandygyny hem-de içeri we daşary syýasaty bilen bagly kabul edilen möhüm çözgütleri belledi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleri bilen, ýurdumyzyň her geçen ýylda şöhratly taryh ýazýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris» diýip bellemegi, «akylly» şäheriň ýaşaýjylaryny, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärlerini buýsandyrdy.

Ata WELMYRADOW,
Arkadag şäheriniň häkimliginiň durmuş-medeni ulgamy bölüminiň müdiri.