Tebigy hakykatyň täsinligi

20 Mart 2024
266

Asman-zemin arasyny nuranalyga hem görkanalyga besleýän Halkara Nowruz güni bu günki gün Gündogar halklarynyň taryhy-medeni aýratynlyklaryny we däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan, myhmansöýerligiň, dost-doganlygyň, özara ýakynlaşmagyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşany hökmünde täzeçe öwüşgin alyp, halkara derejesinde giňden bellenilýär. Dünýä halklarynyň medeni ösüşinde Nowruz baýramçylygynyň ähmiýeti we onuň umumadamzat medeniýetinde tutýan orny uludyr. Nowruz däp-dessurlarynyň ählisi ýagşy arzuw-niýetleri, ruhubelent umytlary kalba besleýän maksatlardan badalga alýar. Halkyň paýhas çeşmesi bolan, asyrlar içre sünnälene-sünnälene kemala gelen nakyllardyr atalar sözlerimiz hem Nowruzyň gadymylygyndan habar berýär.

Halkyň çeper gymmatlygynyň genji-hazynasy, gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiliginiň bir bölegi bolan monjugatdylar özüniň döreýşi boýunça-da tebigata ýakyndyr. Olarda şirin hem sada pikirler bilen bir hatarda, özboluşly şahyranalyk bar:

Aganazar SAPAROW,
kapitan.