Haly sungatynyň täzeçil suratkeşi

21 Mart 2024
382

Ýakynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahalteke bedewiniň şekili çekilen iň nepis haly üçin» diýen halkara çeper döredijilik bäsleşiginiň on iki gezek ýeňijisi Ada Gutlyýewiň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Halymda Arkadag atly nagyş bar, Arkadagly Serdaryma alkyş bar» atly döredijilik sergisi guraldy.

«Türkmenfilm» kinostudiýasynda baş suratkeş bolup işlän ýyllarynda ýigrimä golaý spektakly, bäş sany çeper filmi, birnäçe gysga metražly filmleri goýmaga gatnaşan Ada Gutlyýew bu gün gadymy haly sungatymyzyň ösüşlerine egsilmez goşant goşan ussat haly suratkeşi hökmünde tanalýar. Halypa suratkeşiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly toý-dabarasyny şüweleňlendirýän sergisine aýlanyp göreniňde, onuň döredijiliginiň, hakykatdan-da, şekillendiriş sungatynda uly açyş bolandygyna göz ýetirýärsiň. Elde dokalan şekilli halylaryň ýüzündäki bedew keşpleri bir görene ýene görsem diýdirýär. Gadymy haly nagyşlaryndan zynatlanan bu eserlerde ikitaraply şekil: Boýnawyň we Akhanyň, Ýanardagyň hem Şagadamyň keşpleri üýtgeşik röwüşde kalbyňa ornaýar. Ussat suratkeşiň «Iki döwrüň bitewüligi», şeýle-de «Rowaç» we «Ruhubelent» atly eserleri haly sungatymyzyň ebedi sazlaşygyny emele getirýär. Ada Gutlyýewiň «Ahalteke bedewiniň on ýedi ugry», «Sekizburçlukdaky sekiz gudrat» eserleri türkmen bedewiniň on ýedi şahaly nesil daragtynyň asyl durkunyň gurşawy älem-jahana bedew gatnaşygynyň gudraty hökmünde garamagyň täsin tarapyny açýar. Suratkeşiň «Arkadag» heýkeli», «Berkarar we Bagtyýar» atly haly işleri bolsa Gahryman Arkadagymyzyň Watany bagtyýarlyga beslemeginiň beýik telwasyny bagyş edýär. «Älem içre at gezer», «Dowamat dowam bolsun» atly eserleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berdimuhamet Annaýewiň keşbindäki asyl dowamatyny şöhlelendirýär.

Süleýman ILAMANOW,
«Edebiýat we sungat».