Dünýä ýüzünde zenanlar gününiň bellenilişi

20 Mart 2024
367

Halkara zenanlar gününi dünýäniň 27 ýurdunda baýram edýärler. Dünýäniň köp ýurtlary üçin 8-nji mart zenanlaryň ylma, jemgyýetçilik durmuşyna, medeniýete goşýan goşantlaryny ýatladýan waka bolup hyzmat edýär. Bu bolsa zenanlar baradaky aladanyň, olara hormatyň we söýginiň nyşanydyr. Dünýä ýüzünde zenanlar gününiň bellenilişi dürli-dürlüdir.

Hytaýda bu gün asuda geçýär. Sebäbi hytaýlylaryň bu baýram baradaky pikiri üýtgeşik. 35 ýaşdan geçenler zenan hasaplanýarlar, bu ýaşa ýetmedik hytaýly zenanlar özlerini «gyz» diýip atlandyrmagy dogry hasaplaýarlar. Ýaş hem-de durmuşa çykmadyk gyzlar «Owadan ýaşlaryň güni» diýip 7-nji martda bellenilýän öz şahsy baýramlaryny ykrar etdiler. Hytaýda 8-nji martda eneleri we durmuşa çykan zenanlary gutlaýarlar. Halkara Zenanlar gününiň nyşany bolan iýeroglifi terjime edeniňde, ol «maşgala ojagynyň goragçysy» diýen manyny berýär. Erkekler 8-nji martyň öň ýanyndaky gün söýgüli zenanlaryna gutlaglary, uly bolmadyk zatlary hem-de küýzedäki güli sowgat edýärler. Köp hytaýlylar şol gün öz aýallaryny hojalyk işlerinden boşadýarlar we baýramçylyk tagamyny bişirmegi öz üstlerine alýarlar.

Taýýarlan Amanbibi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.