Halkara hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Bitarap Türkmenistan döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 1992-nji ýylda BMG-ne agzalyga saýlanandan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz özüni ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmegi başardy. Hormatly Arkadagymyz şeýle diýýär: «BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys». BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler. Duşuşygyň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durnukly ulag we energetika ulgamyny ösdürmek babatda ynsanperwer ugurly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak, bilimiň we sag