"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap bilim ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek bilen baglylykda, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan zehinli ýaşlary kemala getirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen bilim ojagy bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu mekdep ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri üçin usuly merkez hökmünde hereket edýär. Mekdebimiziň owadan binasyna giren ýeriňde hormatly mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen pähimli sözleri ýazylan heýkeli nesilleri milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki Yzgant şäherçesi gadymy obalaryň biri bolup, onda 2009-njy ýylda Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdep gurlup, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berildi. Mekdep üç gatly bolup, ol 400 okuwça niýetlenendir. Bu mekdebiň binasynyň içinde suw howzy, uly sport zaly we howlusynda

Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň, şonuň bilen birlikde, kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň halka, Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly alada edilýär, netijeli işler alnyp barylýar. Dil dürs ýazmak, manyly sözlemek bilen kämilleşýär. Çagalaryň öz ene dili bilen birlikde, daşary ýurt dillerini oňat özleşdirmekleri mugallymlaryň döredijilikli zähmeti netijesinde amala aşýar. Mugallyma bu asylly işde okuw kitaplarydyr gollanmalar, görkezme esbaplary goldaw berýär. Mugallymlar diňe okuw kitabynda berlen maglumatlary gaýtalamak bilen çäklenmän, goşmaça maglumatlardan, dürli usullardan peýdalanýarlar.

Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwretmek

Magtymguly Pyragynyň halkara derejesinde geçiriljek doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýär. Metbugat sahypalarynda şahyra bagyşlanyp dürli makalalar yzygiderli neşir edilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini okanyňda, şahyryň tüýs ýürekden çykýan arzuw-isleglerini duýmak bolýar. Şol arzuw-islegler diňe şahyryň däl, ähli türkmen halkynyň arzuw-islegidir.

Kärini kämil tutan

(«Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan) Şeýle adamlar bolýar, bir göreňde gadymdan tanyş ýaly, gara-gadyr bolýaň gidiberýäň. Ine, şu söhbediň «baş gahrymany» bilenem bir görenimizden üýnümiz alyşdy gidiberdi. Mundan 10 ýyl ozalrak «Diýar» žurnalynyň gapysyndan giren uzynrak, tegelekden bugdaýreňk ýüzli, ala gözleri gülüp duran adam özüni tanatdy:

Ýaş himikleriň üstünligi

14 — 17-nji noýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça ikinji gezek geçirilen halkara internet bäsleşigine dünýäniň 24 ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň jemi 58-sinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 19-syndan 600-e golaý talyp gatnaşdy. Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda şahsy bäsleşik A we B derejelerde geçirildi. A derejä himiýa hünärinde okaýan we beýleki isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň, B derejä bolsa himiýa hünäri bolmadyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. A derejede şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Aziz Kerimbaýew, Kerwen Gadamow, Ýakup Annaorazow, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Yhlas Jumaýew dagy üstünlikli çykyş edip, birinjiligi eýelediler.

Ýaşlar — geljegi gurujylar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16 — 18-nji noýabry aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy üstünlikli geçirildi. Halkara forumyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 140-syna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Biz hem ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän, şeýle-de bu ugurda ökde hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda okap bilim alýan talyp ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmaklary bilen gutlap, olaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Zähmet bazarynda Bäsdeşlige ukyply ýaşlar

jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir Bilim we ylym ähli döwürlerde-de adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň iň möhüm şerti hasaplanypdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, döwür bilen aýakdaş gitmäge ukyply ýaş nesilleri kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda derwaýys wezipeler öňde goýulýar. Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine ünsi çekip, ýaşlarymyzy ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň esasy talaplaryň biridigini nygtady.

Ylym-bilim — kämilligiň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlary döwrebap ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli, watansöýüji, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýäde ylym we tehnika örän tiz ösýär. Bilim, ylym babatda gazanylýan üstünlikler adamzadyň ýeten belent derejeleridir. Şonuň üçin hem bu ugry ösdürmäge, ýaş nesillere öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin kämil hünärmenleriň döwrebap bilimlerine daýanylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýä dilleri, döwrebap tehnologiýalar yzygider öwredilýär, çünki bu ugurlary bilýän hünärmen dünýäniň ylymda gazananlaryndan habarly bolýar. Şeýle kämil hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde hem netijeli işler alnyp barylýar. Zehinli ýaşlar tejribeli halypalaryň, professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli nesli kemala getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdebimizde döwrebap şertler döredilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň öz ugurlaryndan has-da kämilleşmekleri, önjeýli işlemekleri üçin şertler döredilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmek üçin ola

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň ylymly, bilimli, kämil hünärmenler bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär hem-de bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däl. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar we sanly ulgam ösdürilýär. Bu ugurdan kämil hünärmenler taýýarlanylýar, olaryň bilim derejesine üns berilýär. Ösen tehnologiýalary ýaşlara öwretmekde, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde netijeli işler amal edilýär. Häzirki döwürde ylym-bilimiň kämil derejä eýe bolmagy üçin dürli pudaklarda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Umumylykda alanyňda, sanly ulgamyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň has-da ilerlemegine we kuwwatlanmagyna ýardam berýär. Sanly ulgamyň kömegi arkaly göz öňünde tutulan ähli işleri ýerine ýetirip, maksatnamalary durmuşa ornaşdyryp bolýar. Şunuň özi hem ösüşe tizlik berýär, üstünligiň täze ugry bolup durýar. Bularyň hemmesi bolsa öz gezeginde, milli ykdysadyýetiň has-da ösmegini üpjün edýär. Şonuň üçin hem sanly ulgama oňat düşünýän kämil hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap işler ýola goýulýar.

Oba hojalygynda bilimli hünärmenler

Häzirki ajaýyp döwrümizde ykdysadyýetiň ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar, ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim özgertmeleriniň, okatmagyň döwrebap usullarynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu ugurda döredilýän giň mümkinçilikleriň, döwrebap şertleriň oňat ýardamyny berýändigini bellemek gerek. Şunda okuw işini tejribe bilen sazlaşykly alyp barmak, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, barlaghanalarda talyplara öwretmek üçin tagalla edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamlary döwrebap ösdürilýär, sanly tehnologiýalara giňden üns berilýär. Munuň özi bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Sanly tehnologiýalar, şeýle hem barlaghanalarda ornaşdyrylan enjamlar talyplara bilim bermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde talyplara bilim bermegiň döwrebap usullary ulanylýar. Bu ugurda kompýuter tehnologiýalary bilen bir hatarda barlaghanalarda tejribe sapaklary guralýar. Bu bolsa talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini barlamaga, tejribede görmäge we geljekde iş ýüzünde ulanmaga ýardam edýär, taýýarlanylýan oba hojalyk hünärmenleriniň kämilligini artdyrýar.

Okuwçynyň özbaşdak iş usuly

Çeper edebiýaty öwrenmek bilen baglanyşykly okuwçyda özbaşdak işlemek, pikirlenmek, oýlanmak, tapmak endiklerini döretmek we ösdürmek işine okuwçynyň özbaşdak iş usuly diýilýär. Bu usula mugallymyň okuwçylara edebiýaty okamak, öwrenmek üçin tabşyrýan ähli özbaşdak işleri degişlidir. Bu usul okuwçylaryň döredijilik endigini ösdürmekde örän ähmiýetli. Okuwçynyň özbaşdak iş usulynyň dürli tärleri bar: a) beýannama we düzme; b) meýilnama düzmek (ýönekeý we çylşyrymly meýilnama, eseriň žanry boýunça meýilnama düzmek); ç) ýumuşlar (eseri ýa ondan bölekleri ýat tutmak, okuw kitabynda berlen sorag we ýumuşlar boýunça işlemek); d) nutuk, referat (monografik temalar boýunça nutuk, referat, sapakdan daşary işlere ýa-da baýramçylyklara, şanly senelere bagyşlanan nutuk); e) çekişme-jedel we başgalar.

Dil öwrenmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna ýüzlenip: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip belleýär. Ajaýyp zamanamyzda ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi dünýä dillerini öwrenmäge, ylym-bilimi özleşdirmäge ruhlandyrýar. Daşary ýurt dillerini bilmek bütin dünýäde möhüm ähmiýetli ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dilini bilmek häzirki zaman dünýäsine giň ýol açmakdyr. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da gözýetimi giň bolýar, jemgyýetde özüni has-da ynamly alyp barmagyna, beýleki halklaryň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem dürli çeşmelerden peýdalanyp bilmegine şert döreýär. Dil bilmek onuň medeni derejesiniň ösmegine, özüni şahsyýet hökmünde kämilleşdirmäge, oňa hünär ussatlygyna ýetmäge itergi berýär.

Polşadan 25 medal!

10 — 12-nji noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen halkara toparlaýyn bäsleşikde ildeşlerimiz üstünliki çykyş etdiler. Halkara bäsleşik Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Germaniýa, Awstriýa, Sloweniýa ýaly döwletlerden ýaş matematikleriň 100-e golaýyny bir ýere jemledi. Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary gatnaşyp, jemi 25 — 8 altyn, 11 kümüş, 6 bürünç medallary gazandylar.

Döwrebap tehnologiýalar kämil bilimiň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durnukly ösüşi nazarlaýan toplumlaýyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy bedew batly döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Iň döwrebap multimediýa hem-de innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylyşy gün-günden artýar. Şeýlelikde, multimediýa hem-de innowasion tehnologiýalar bilim bermegiň, ýaşlary ylmyň haýsydyr bir ugruna ugrukdyrmagyň esasy şertleriniň birine hem-de döwrebap okadylyşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şulardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde multimedia serişdeleriniň, internet ulgamynyň bilim bermekdäki orny örän ýokarydyr. Gün-günden ösýän tehnologiýalar jemgyýetimizde ýaşaýan we okaýan mekdep okuwçylarynyň maglumat almaga bolan talaplary hem mümkinçilikleri has ýokary, bu bolsa sapaklary täzeçe guramaga çemeleşmegi talap edýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynda döwrebap bilim bermegiň aýrylmaz serişdesine öwrülen, bilim işgärleri tarapyndan giňden peýdalanylýan interaktiw tagta bu işleri talabalaýyk alyp barmakda iňňän uly ýardamçydyr. Sapagy interaktiw tagtanyň kömegi bilen geçirmek isleýän mugallym, onuň deslapky ýazgylaryny taýýarlanda, ilkinji nobatda, haýsy maglumaty haçan görkezmelidigini, onuň üçin interaktiw tagtanyň haýsy mümkinçiliklerinden peýdalanmalydygyny aýdyňlaşdyrmaly. Görkeziljek

Lukmançylyk biliminiň kämilleşdirilmegi — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, watansöýüji, ruhubelent nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, okuw işine okatmagyň döwrebap usullary, ylmy barlaglaryň netijeleri, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy üçin ýokary derejeli lukmanlarydyr farmasewtleri taýýarlaýan baýry ýokary okuw mekdebi bolup, döwlet Baştutanymyzyň bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny ösen halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Ýokary okuw mekdebimizde öwredilýän hünärleriň okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribeler esasynda yzygider

Täze üstünliklere tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Ýurduň we milletiň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýola goýlan işler mynasyp hem döredijilikli dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen, milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Has kämil innowasion usullar, çylşyrymly tehnologiýalar, täzeçe garaýyşlar durmuşa ornaşdyrylýar. Hut şunuň bilen bagly okuw-terbiýe

Bilim özgertmeleri üstünlikleriň girewidir

Ata Watanymyzda ähli ulgamlarda sanly serişdeleri giňden peýdalanmagyň, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna hem sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Okatmagyň hili sanly ulgamy ulanmak arkaly has-da gowulandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, innowasion-tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.   Ýaş nesliň döredijilik güýjüne, başarnygyna ýokary baha berýän, olara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip belläp geçýär. Şundan ugur almak bilen, ýaş nesilleriň ylym-bilimli, hünärli bolmaklary, oňat okamaklary, zähmet çekmekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Rowaçlygyň sakasy

Eşretli ertirleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döredijilikli zähmet joşýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Ylmyň, bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde döwrebap çagalar baglary, häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklary yzygiderli gurulýar we ulanylmaga berilýär, ýokary okuw mekdeplerinde  okatmagyň täze usullary ýola goýulýar.

Bilim — bagtyň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bedew bady bilen ösüşli menzillere tarap öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandyny bellemek örän ähmiýetlidir. Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamyna degişli kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk gelýän derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine ezber hünärmenleriň kemala gelmegine getirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýip belleýşi ýaly, biziň nurana geljegimiz bolan ýaşlaryň bagtyýarlygy, olaryň milli däplere laýyklykda terbiýelenmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýermegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. «Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir» diýip, uly buýsanç bilen nygtaýan hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ene-atanyň we il-ýurt öňündäki borçlaryny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda halal zähmet çekmekleri babatda ähli şertleri döredip berýär. Biz — bilim işgärleri okuw sapaklarynda hem okuwçylara ylym-bilimiň adamzada eçilýän miweleri, halallygy bütin ömrüne özleriniň baş ýörelgelerine öwürmelidigi, geljegi gurujylar hökmün

Bilim üstünlikleriň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygary hem gönüden-göni ýaşlar bilen baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir» diýmek bilen, Watanymyzyň geljekki ykbalyny, ösüşini ýaş nesillerde görýär. Hormatly Prezidentimiz bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy ýurtlaryň usul-ülňülerine kybap, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän möhüm işleri amala aşyrýar. Elbetde, ygtybarly aragatnaşyk ulgamynyny döretmezden, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuşyny, ösen jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Aragatnaşyk ulgamy häzirki wagtda her bir adamyň gündelik durmuşyna mäkäm ornaşdy. Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamynyň älem giňişliginde hereket etmegi birnäçe möhüm maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly ýardam berdi, bu bilim ulgamynyň ösüşinde hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.